Watanyň goragynda durmak bir gysym topragy üçin soňky demine çenli göreşmek her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Ýekeje daban ýerini bir gysym topragyny özgä bereninden ölenini gowy gören pederlerimiziň durmuş mekdebine eýeren TDSG-nyň 2113 harby bölüminiň maýor Maksatmyrat Garaýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň ruhybelent serhetçileri hem Watan goragçysy diýen ady buýsanç bilen göterýärler. Bu serhet birikmäniň gaýduwsyz hem ruhybelent serhetçileri Garaşsyz ýurdumyzyň araçägini ygtybarly gorap, goňşy döwlet bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berk saklanmagy üçin öz gerdenlerine düşýän borçdyr wezipeleri doly berjaý edýärler. Elbetde şeýle dostluk doganlyk gatnaşygy ýurdumyz bilen serhetleşýän beýleki goňşy döwletler bilen hem oňat ýola goýandyr. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzda Bitaraplyk derejesiniň düzgünnamasynyň gyşarnyksyz amal edilýändiginiň subutnamasydyr. Serhet birikmäniň ähli serhet galalarynda okuw merkezinde we bölümçelerinde esgerleri watansöýüjilik ruhynda terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly yhlas edilýär. Ine harby gulluga çagyrylan ýaş esgerler bilen okuw merkezinde tejiribeli ofiserler we kiçi serkerdeler ýörite meýilnama esasynda okuw sapaklaryny geçirip, serhet gullugy barada çuň düşünjeli berýärler. Söweşjeň taýýarlygy saklamak we ony barha kämilleşdirmek serhetçileriň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçinem olar ele alan harby tälimlerini okuw türgenleşikleri arkaly yzygiderli berkidip durýarlar. Serhet birikmäniň ähli serhet galalarynda bolýan okuw türgenleşiklerinde serhet bozujyny tutmak, yz çalmak, gijeki gözegçilik, söweşjeň ýaragdan başarnykly peýdalanmak ýaly okuwlar örän yhlasly öwredilýär. Bu bolsa serhetçi ýigitleriň ähli taraplaýyn taplanmagyna uly itergi berýär. Gyşyň aňzakly sowugynda, tomsyň jöwzaly yssysynda, gije-gündiziň dogamynda dost-doganlyk serhedimizi ygtybarly goraýan merdana ýigitlerimiziň kalby ata-watana bolan buýsançdan ýaňa joşup dur. Olar her bir öwredilýän zada ýürekden ýapyşyp, gulluklaryny uly üstünliklere besleýär. Döwlet araçäginiň goragy. Bu jümle her bir serhetçiniň kalbynda ýaňlanyp dur. “Serhet galasy biziň öý-ojagymyz. Bu ýeri Watanymyzyň başlanýan ýeri” diýip, serhetçiler ýürekden ynanýarlar. Olaryň hüşgärlik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we ruhybelentlik ýaly häsýetleri özlerine ýaran edip ýadawsyzlyk bilen alyp barýan gulluklary juda hormatly we jogapkärli. Aslaha, bedewe atlanan serhetçini egni söweşjeň ýaragly, eli dürbili, ýany gulluk itli göz öňüne getirýäris. Bular serhetçini hakyky serhetçi edip görkezýär. Taryha ser salsak, türkmen ata-babalarymyzyň gany daman topragyň her daban ýeri üçin şirin janyny pida etmekdenem gaýtmandyrlar. Ynha, bu gün ýurdumyzyň özbaşdaklygyny, özgerişlerini, ösüşlerini gorap Watan üçin serden geçjek türkmen gerçeklerden jemlenen serhet goşunymyz bar. Köýtendag belendinde pesdinde baýyrlaryň, daglaryň arasynda öz gulluk borçlayny bir kemsiz ýerine ýetirýän serhetçi esgerleriň göwünleri tug deý asmana göterilýär. Sebäbi olaryň göwünleri şat. Tebigatyň gözelligini synlap her hili dag otlarynyň jana şypa berýän yýsyndan lezzet alyp arassa howadan dem elmek munyň özi hem saglygyňy berkitýär. Aýyň asmanda doguşyny, çörek ýaly tegelek hem-de çörek ýaly sary nurly günüň batyşyny hem-de doguşyny garşylaýan serhetçiler özüne şeýle ykbalyň berilendigine çäksiz buýsanýarlar. Mundan başgada serhet birikmämiziň esgerleriniň ruhynyň elmydama belent bolmagy üçin medeni çäreler hem yzygiderli geçirilip durylýar. Ýerli etrabyň edara-kärhanalarynyň, etrap merkezi kitaphanasynyň medeniýet öýiniň işgärleriniň, mekdep mugallymlarynyň, ýaşuly nesliň, harby hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem-de uruş weteranlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän edebi duşuşyklaram esgerleriň aň-düşüjesini çuňlaşdyrmak, watansöýüjüligini artdyrmakda juda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň edýän atalyk aladalary netijesinde biziň serhet birikmämizde däl eýsem ähli serhet birikmelerde hem täze döwrebap serhet galalaryň gurulyp ulanmaga berilmegi başgada birnäçe serhet galanyň gurulyp ýörendi, birnäçe serhet galalaryň dukunyň düýpgöter täzelenmegi, harby tehnikalaryň we häzirki zaman ýaraglaryň yzygider satyn alynmagy, esgerleriň azyk üpjünçiligini we egin-eşikleriniň hiliniň ýokarlanmagy ähli serhetçilerde uly buýsanç döretdi. Umuman aýdanymyzda, hormatly Baştutanymyzyň goşunyň durmuşyna hemişe üns berip gelmegi, olary höweslendirip durmagy aýratyn nygtalmaga mynasyp. Hormatly Belen Serkerdebaşymyz biz serhetçilere uly ynam bildirip şeýle diýýär “Serhet goşunlary ýurdumyzda asudalygyň mydama höküm sürmegini üpjün edýär”. Ine ýurt Baştutanymyzyň şeýle uly ynamyny ödemek üçin serhet goşunlarymyzyň ähli şahsy düzümi, ähli ukyp başarnyklaryny gaýgyrman, eziz Watanyny başyna täç edip mundan beýlägem yhlasly gulluk ederler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň döredýän şeýle mümkinçilikleri üçin onuň jany sag belent başy aman alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn. Hüşgär durup ata ýurdun goraýar Gara ýelden ýyndam aty serhetçiň Beýik diňe çykyp çägin synlaýar Algyr guşdan gözi ýiti serhetçiň Gerek bolsa aýaman şirin janyn Hak iş üçin döküp duşmanyň ganyn Belentden parladyp ýurduň tugun Iň wepaly dosty iti serhetçiň Hiç ýadamaz gezer dagda pyýada Seleňli sährada düzme derede Tertip düzgün saklap serhet galada Agzybirdir bolmaz jeti serhetçiň Şahyr aýdar men hem şolar toparda Borjum berjaý edýän hemme hatarda Buýruk gelse adam güýji ýeterde Berjaý eder bolmaz gepi serhetçiň

Köneler, Ishli tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir