1. Ene-atañ mertebesini beýgeldiñ. Goý, dost-ýar olara bolan söýgüñizi duýsyn. Beýtmek bilen dostlarñyzyñ sylagny alarsyñyz. Ýaryñyz özüni, ene-atañyz bilen bir derejede goýjak bolmaz. Saýlamaly bolanda şübhesiz ene-ata diýjegiñize düşüner. 2. Allah üçin aglamak ejap däl. Men, metjitde doga-dileg edip aglaýanlary gördüm. Emma, olar metjitden gülüp çykýardylar. 3. Arzuw etmäñ. Arzuw etmek gyz halkyna mahsus häsiýet. Erkek halky zähmet çekmeli. Size derek arzuw edip biljek birini tapyñ(gelinlik). Ol arzuw etsin, siz hasyl ediñ. 4. Çilim çekme, arak içme, lewa gitme. Edýänlerem ýazgarma. Her kim öz heýkeliniñ, heýkeltaraşydyr. Näme ýasasalar şonam görerler aýnada. 5. Kakañ narkoman, ejeñ öweý bolsa-da çykjak är gördenem çykar. Zähmetden gaçyp, alan galañ bolmaz. Bir manat bolsa-da et şol işi. Rysgy berýän Alladyr, gazanjyñ hümmeti dälde. 6. Sözüñde durmazlygyñ ýeke çykalgasy bar, oda šol sözi bermezlik. Öz güýjüñi ölçäp bil. Kararsyz kebelek ýaly, oda gonjagyñy ýa köze gonjagyñy bilmän ýanyp köýme. 7. Dosty saýlama, özüñi düzet. Özüñ güjük bolsañ, arslan-şirler bilen aw paýlaşasyñ geler. Beýle zat tebigatda ýok. Pikirlenip bilýän mahluklaryñ arasynda nireden bolsun?! smile 8. Söwmäkä ur. Akmak öz güýjüni ölçäp bilmeýär. Soñ dilini Abyl Bäbiliñ gopyzy ýaly her ýan saýradyberýär. Soñky sözüñ sende galmagy möhüm däl. Esasy ýumrugyň namysyna degmegi. 9. Internetda köp otyrmañ, Watanymyz size mätäç. Peýda ediñ. Biz Amerika ýa Türkiýa göz ýumup gitmeli däl.

Köneler, turkmenniceboy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir