Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2015-2016-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimizde okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2015-nji ýylyň 11-nji we 25-nji aprelinde geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu çärä gatnaşanlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada ginişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» güni institutyň Baş binasynda sagat 15-00-da geçirilýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir