Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 70 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli ajaýyp işleriň bitirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Hormatly Prezi¬dentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli we netijeli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmunda baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar häzirki wagtda dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek mähriban Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň: «Her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama jan Watanym Türkmenistan diýip urmalydyr. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolma1ydyr» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Beýik Ýeňşiň şanly 70 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň şertleri: 1. Talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniä jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, tans, çeper okaýyş bilen wasp etmeli hem-de öz taýýarlan wideoroligini görkezmeli: wagty — 3 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär). 2. Bäsleşigiň ikinji şerti wagty 3 minutdan ybarat bolan şu aşakdaky iki ugurlaryň biri boýunça kesgitlenilýär: – hormatly Prezidentimiziň ýiti pähiminden dörän «Döwlet guşy» atly romanyndan ugur alyp, talyp ýigit özüniň sungata-döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan edermenlik, mertlik, adalatlylyk, halallyk häsiýetlerini açyp görkezmek barada aýdym, goşgy, monolog ýa-da sahna ýerine ýetirmeli; – ata-babalarymyzyň şu günümize çenli sünnäläp getiren zergärçilik hem-de heýkeltaraş sungaty barada ýürek joşgunlaryny beýan etmeli. 3. Talyp ýigit şorta söz ýa-da degişme sahnasyny ýerine ýetirmeli: wagty — 5 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär). Bäsleşigiň geçiş tertibi: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary ilki bilen öz ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyryny geçirip, onda ýeňiji bolan talyp ýigidi bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hödürleýär. Bu bäsleşige ozal hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara gatnaşmaga hukuk berilmeýär. Bäsleşikde talyp ýigitleriň çykyşlaryna baha bermek üçin Türkme¬nistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat bolan eminler topary döredilýär. Eminler talyplaryň her çykyşy üçin bäş bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr. «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşi¬giniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek deslap¬ky tapgyrlary 2015-nji ýylyň 8-28-nji apreli aralygynda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 70 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň 1-7-nji maýy aralygynda geçiriler. Gerekli resminamalar: Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyk¬lary bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan (1-nji orny eýelän) talyp ýigidiň 2 sany nusgada şahsy maglumatlaryny (özi baradaky 3x4-lik suratly we dogan-garyndaşlary baradaky maglumaty, pasportynyň nusgasy, 2 sany 9x12-lik möçberdäki suratlary) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň talyp we okuwçy ýaşlar, sport, syýahatçylyk, harby-watançylyk bölümine 2015-nji ýylyň 30-njy apreline çenli ibermeli. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňiji talyplar yglan edilip, olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mer¬kezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-80, 44-88-89, 44-88-68. Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-20, 44-84-22.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir