Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok, Ynamym bar akylymyň goruna. Indi meniň öňümdäki mesele Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Dellekhana barsam dellek degişýär: "Basymrak öýlen-how, seň saçyň düşýär". Düşüp gutarmanka bu gara saçlar, Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Gyzlar ýüzlenende dilinde "aga", Entek "agalykdan" daş etsin! Toba! Dili duzlyragy diýmänkä "baba", Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Ejemem igenýär: "Ýüzüň ýok seniň Gyza söz aýtmaga. Barmy ýa kemiň?" Igenjinden dynmak üçin ejemiň Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Sebäp bar ejemiň nalap ýörmegne, Gyzlaň ýanda dilim gidýär damagma. Baha berip ýörmän görki-görmegne, Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Birine söz aýtsam, "Okajak" diýýär, Başgasy "Men sizden kiçijik" diýýär. Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä, Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Elbetde, okamak gowy zat weli, Degmedimikä şu güne çen eli?! Ýaşyna seretmen kiçimi, uly?! Kim bolsa-da öýlenmeli birine. Men küýsäp duramok bir kemsiz ýary, Kemsiz gözel eli boşlaň hyýaly. Uludan toý tutup dostlarym ýaly, Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir