Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak barada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde gurlan we gurulýan saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleri, keseli anyklaýyş, “Ene mähri” merkezleri, dynç alyş öýleri, adamlaryň göwünlerini açýan dürli suw çüwdürimli seýilgähler adamlaryň sagdyn ösüp kemala gelmegine, saglyklaryny gorap saklamaga, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bedenterbiýe we sport dolulygyna kämilleşdirildi. Soňky ýyllarda dünýä standartlaryna laýyk gelýän toplumlar: Gyşky oýunlar sport toplumy, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça merkez, Olimpiýa sport toplumy guruldy we ulanmaga berildi, “Köpetdag” stadionynyň durky täzelendi. Häzirki wagtda ýurdumyzda stadionlar, sport zallary, suwa düşülýän howuzlar we üsti açyk köp sanly sport meýdançalary bar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap sport toplumlary bolup, ol sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit derejesinde abraýly ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Döwletimiz halkara derejesindäki sport çäreleriniň geçilmegine netijeli gatnaşýar. Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy berkarar diýarymyzyň sporty sagdynlygyň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygynyň we dostlugyň ilçisi hasaplaýandygyny tassyklaýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan gumanitar ugurda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Şunuň bilen baglylykda, biz hemmetaraplaýyn bilim almakda we saglygy goraýyşda oňyn özgerişlikleriň durmuşa geçirilendigini ynamly aýdyp bileris. Galyberse-de, “Saglyk” döwlet maksatnamasynda eneligiň we çagalygyň goralmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda döwrebap saglyk öýleriniň we anyklaýyş merkezleriniň gurulmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynyň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ileri tutulyp, bellenilen ugurlara eýermek bilen, halkara derejesinde-de uly at-abraýa eýe bolandygyna, halkara ülňüleriniň derejesine çykandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň birnäçesine “Enä we çaga mähirli garaýan Saglyk öýi” diýen abraýly halkara derejesiniň berilmegini, şeýle hem köpçülikleýin immunizasiýa boýunça oňyn netijeleriň gazanylmagyny üstünliklerimiz hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ilkinji bolup nahar duzunyň tutuşlygyna ýodlaşdyrylmagyny gazanan ýurtdugyny aýtmak gerek. Çünki ýodlaşdyrylan nahar duzy adamyň akyl we beden taýdan ösüşi üçin, aýratyn-da çaganyň ösýän bedeni üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň saglygy barada çuňňur aladalanýan Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylarda çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi döretmekden, zähmet endiklerini kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ony jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýatlarymyzy bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek işleri giň gerim alýar. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylyp 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýylyň 1-30-njy apreli aralygynda ählihalk çäresi hökmünde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek hakyndaky resminama gol çekdi. Türkmenistan döwletimiz “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” diýen ada ynsan saglygynyň goragyny döwlet derejesindäki işleriň hatarynda goýandygyny we bu barada örän uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen paýhasly şygary şu günki günde barha rowaç tapýar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir