Bahar gelse tebigat joşa gelýär. Edil şonuň ýaly hem adamlar bir gez beýgelýär. Ýürek telwas urýar, joşa gelýär. Gök begrese bürenen ýaýlalar diýsen owadanlaşýar. Ana, bir ýerlerden, gülleriň arasyndan jarçynyň sesi gelýär. Eşidiň, eşidiň, eşisiň millet! Oguz ýaýlasyna ýygnanýar millet! Oguz atam bu gün toýlar toýlaýar, Dädem Gorkut bu gün baýlar baýlaýar. Däbe görä, kemin goýman, tutular ajap öýler, Jemagat jem bolup tutular toýlar. Hawa, türkmen ýaýlasynda toýlar tutulýar. Eneler, atalar öz agtyk- çowluklaryna ýagşy dilegler edýär. -Goşa ýaşaň, goşa garraň, Gelin saňa garasyn, Näzli ýaryň ogul, Il hyzmatyna ýarasyn. -Iki tardan çykýan owaz, Goý,birleşsin düzülsin. Barha batly ýaňlansyn ol, Arasy hiç üzülmesin. -Ogul-gyzlar dünýä insin, Giňäbersin ýaýrawyň. Il-güniň hormatlasa, Şoldur uly baýragyň. Toý bolan ýerde aýdym-saz asmana galýar. Bagşynyň töweregine ýygnanan oglan-gyzlar biri-birine gysyljyraşyp degişýärler, gülüşýärler. Olaryň şowhunyna ýaýla hasam görküne gelýär. Bagşy ýokary perdä çykýar: Bagşy - Gyrmyzdan, silkme telpek, Beg ýigide ýaraşar. Gyzlarymyz ýapyp çelpek, Syrjak ýigide garaşar. Oglanlar - Söz aýdyjy ibärin Ertir size enemi. Gyzlar - Agzymyzy süýjetmäge, Alyp gelsin semeni. Hemmesi bile- Şatlanalyň, oýnalyň, Ýaýlada toý toýlalyň! Şahyr durup bilmän tolgunýar, orta çykýar. Onuň hoş owazy dutaryň şirin sesine goşulup, asman göterilýär. Bir ýerde aýdym-saz, hemme şatlanýar, Nowruz hiňňildigi barha batlanýar. Pederlerimiz, uly-kiçi ýatlanýar, Toýa ýeňiş bilen barýandyr ülkäm! Biziň neslimiz, bagtyýarlyk döwrüniň nesli. Bu nesliň her bir arzuw –hyýaly ýerine ýetýär. Onuň kem zady ýok. Berkarar döwleti, bagtyýar zamanasy, paýhasy baý gojalary, pähimdar eneleri bar. Şonuň üçin onuň eli uzadan ýerine ýetýär, saçagynda dürli-dümen tapylýar. Kändir milli tagam, iýiň palowy, Böregi, çorbany, kebaby iýiň. Çekdirme, somsa, tamdyrlama gowy, Islegiňiz bar bolsa, siz bize diýiň. Ýaş oglanyň aýdymyna orta ýaşlaryndaky gyrmyzydonly ýigit goşulýar. Märekäniň öňüne çykan gyz, edep bilen baş egip, goşgy okaýar. Onuň owazy agaja çalynýan gopuzuň sesine goşulup, bütün baýyra ýaňlanýar. Ýene toý toýlaýar türkmen ilimiz, Toý-baýram kimindir her bir günümiz, Zähmet ýeňşi bilen Watany beslän, Göz edýäs äleeme türkmençiligimiz. Bu şatlyga begenen aşpez aga, kepgirini bulap öz palowunyň waspyny edýär: Dünýäde datly tagam köp, biridir ýagly palow, Kemsiz hezzet, jana lezzet, şireli bugly palow. Bile kuwwat, gözlere nur, derde derman diýdiler, Datsa seni, adam ogly bir keýpi çagly palow. Onuň ýanyndan şägirdi ussadynyň sözüni dowam etdirýär: Bolsun-a bir dadym palow-dostlara hezzeti kyl, Lezzeti başga, iýmeseň ýüregiň dagly palow. Ýetik bolsun jüýjesi, käşiri, ýagy sogany, Emma weli bir çeti aşpeze-de bagly palow. Baýryň ýüzi al-elwan güller, hatar-hatar kerwenler, üsti kejebeli inerli, goýun bagşy çygyrsa, ýene bir ýerde küşt depilýär.Düzzüm oýnap oturan ýaşulylar, soňra “keçe-keçe” (ýüzük) oýnuna başlaýarlar. Dürli ýurtlardan gelen myhmanlar hem durup bilmän, tansa goşulýalar. Bu ýerde, at çapmagam, göreş tutmagam, çelpek syrmagam ýerine düşýär. Türkmen topragy, öz myhmanlary bile ýaýla toýuny toýlaýar. Öz Döwlet Baştutanyna minnetdar halkyň şatlygyna çeni-çaky ýok. Goý Türkmen ýaýlasy hemişe dost-doganlygy, asudalygy, ynsanperwerligi wasp etsin!

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir