Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň ahyrky maksady halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna hem-de Watanymyzyň has kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirlendir. Şol mynasybetli 2015-nji ýyl Bitaraplyk hem Parahatlyk ýyly diýip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda milletiň genofondyny gorap saklamak, raýatlary, jemgyýetiň howpsuzlygyny üpçün etmek, ýaşlaryň arasynda neşäniň zyýany barada wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzgiderli alyp barmak baradaky tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademýasynda hem sergi gurnaldy. Ýokary okuw mekdebiniň Sergiler jaýynda geçiriljek “Sagdyn durmuş ýörelgesi” atly plakat sergisine ýurdumyzyň halypa suratkeşleri, mugallymlary, talyplary we myhmanlar gatnaşýarlar. Plakat –şekillendiriş sungatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň öz aýratyn çeper dili bardyr. Plakat eserinde az sanly şekiliň we reňkiň kömegi bilen esasy tema laýyk pikirleri aýdyňlaşdyryp bolýar. Şeýle talap sergide görkezilýän plakat eserlerine mahsusdyr. Sagdyn pikirlenmäge, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti ýaşlarda sporta, sagdyn ýaşaýşa bolan söýgini kemala getirýär. Şunuň ýaly ynsanperwer garaýyşlary we zyýanly neşe serişdeleriň ýaramazlygyny ündeýän wagyz ediji plakat işleriniň sergisi bu gün tomaşaçylara görkezilýär. Bu günki geçirilýän plakat sergisinde Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn türkmen jemgyýetiniň mizemez binýadyny berkitmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmak, ýaşlaryň kalbynda ajaýyp döwrümize, Watana, zähmete, sporta, bedenterbiýä bolan söýgini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen suratkeşler wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Bu meselede biziň hiç birimiz çetde durman öz mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşmalydyrys. Çünki Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, “Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada etmäge borçlydyr. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar” diýip jaýdar belleýär. “Bagtyýarlyk göreldesi sagdyn durmuş ýörelgesi” atly yglan edilen döredijilik plakat bäsleşiginde birinji orna nakgaşçylyk we grafika bölüminiň 3-nji ýyl talyplary Mämmetgulyýew Derýa, Jumaýewa Gülaýym, ikinji orna grafika, dizaýn bölüminiň 2-nji ýyl talyplary Çaryýewa Mähri we Allaýarowa Enebaý, üçnji orna dizaýn bölüminiň we nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji ýyl talyplary Mämmäýewa Güljemal, Kulyýew Myratmergen, höweslendiriji orna grafika bölüminiň 4-nji ýyl talyby Durmuşow Guwançdurdy, amaly-haşam bölüminiň 2-nji ýyl talyby Abdyllaýew Abdylla, amaly-haşam bölüminiň 1-nji ýyl talyby Gurtmyradow Döwletgeldi şeýle-de Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Haýydow Rösdem mynasyp boldylar. Biz ýaşlar şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny tilsimlerini tilsimatlryny öwrenmek bilen, geljekde ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys diýip Hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Sözümiziň ahyrynda Hormatly Prezidentimize biz talyp ýaşlara okap bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdýarys. Biz Watanmyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişjekdigimizi hem ynandyrýarys. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutýan tutumly işleri rowaçalsyn. Şatlyk Piriýew, Türkmenistanyň çeperçilik akademýasynyň 1-nji ýyl talyby

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir