Ajaýyp zamanamyzyň häzirki döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda medeniýetimiz we sungatymyz hem beýik ösüşlere beslenýär. Dünýä medeniýetiniň we sungatynyň ýokary derejede ösmegine dizaýn sungatynyň hem ähmiýeti uludyr. XIX asyrdan başlap adamzat jemgyýetiniň taryhynda “dizaýn” sözi ulanylyp başlanýar. Dizaýn sözi iňlis sözünden terjime edilende çyzgy, taslama, çeperçilik konstruirleme we bezeg bermek diýmekdir. Dizaýn adamynyň ýaşaýyş giňişliginde gözelligi we sazlaşygy döretmeklige ugrukdyrýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň açylmagy, onda hem ýörite “dizaýn” ugrunda hünärmenleriň taýýarlanmagy dizaýn işiniň has kämilleşdirilmeginde alnyp barylýan tagallalaryň ululygyna güwä geçýär. Şu ugurda okaýan ýaş dizaýnerler öz dizaýn işleri bilen ýurdumyzda geçirilýän ähli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Olaryň işlerini dürli ýerlerde hat-da biziň ýokary okuw jaýymyzda geçirilýän yzygiderli sergilerde hem görmek bolýar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Bagtyýarlyk göreldesi, sagdyn durmuş ýörelgesi” atly plakat sergisine ähli talyp ýaşlara we halypa mugallymlara gatnaşmaklyk mümkinçiligi döredildi. Plakat – taslamasynyň esasy meselesi öz aň düşünjäňi, söz bilen diýjek pikiriňi şekiliň üsti bilen beýan etmekdir. Plakat işi ýetginjeklere, ýaşlara terbiýeçilik işlerini geçirmekde, syýasaty ýaýbaňlandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Plakat taslamasynyň şekili ýönekeý bolup, manysy taýdan örän adama täsirli bolmalydyr. Iş şekillendiriş sungatynda örän köp çap edilýän neşir bolup durýar. Ol adamlaryň aňynda sada, çyn manyly we döwrebap bolmalydyr. Plakatlar ýaşlary ekologiýany, tebigatymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi goramaga we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge çagyrýar. Biziň Çeperçilik akademiýada “Bagtyýarlyk göreldesi, sagdyn durmuş ýörelgesi” atly gurnalan sergä “Dizaýn” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary Umarowa Jeýran, Weliýewa Bägül, Aşyrow Öwezgeldi, Babakulyýew Azat öz plakat işleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýaş dizaýnerler özleriniň döredýän işlerinde zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ýaly pikirlerini öňe sürýärler. Sport bilen ömürlik höwrügen adamlaryň daşky keşbine garanyňda-da, sagdynlygyň we gözelligiň bu düýpsüz çeşmesine bolan höwesiň artýar. Bedeni kemsiz taplaýan, synalaryňy berkidýän, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýan, keşbiňe dogumlylyk çaýýan, adamda ýagşy hüý-häsiýetleri terbiýeleýän sportda diňe dynman öňe gadam urýan, bellän maksadyňa tarap ýadaman hyjuw edýän, ýeňişlere sary okgunly hereket edýän üstünlik gazanmagy başarýar. Adamy il içinde arzylanýan bu keşplere eýe edýän sport taryhyň irki döwürlerinden bäri dünýäniň dürli döwletlerinde parahatçylygyň ilçisi hökmünde kabul edilipdir. Häzirki döwürde sportuň onlarça görnüşi bellidir. Bu bäsleşikde birinji orna “Nakgaşçylyk we taslama” käfedrasynyň 3-nji ýul talyby Derýa Mämmetgulyýew, “Grafika” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güläýym Jumaýewa, 2-nji orna “Garfika” kafedrsynyň 2-nji ýyl talyby M.Çaryýewa, “Dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Enebaý Allaýarowa, 3-nji orna “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Myratmergen Kulyýew, “”Dizaýn” 2-nji ýyl talyby Güljemal Mämmäýewa, höweslendireiji “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 1-nji ýyl ýyl talyby Döwletgeldi Gurtmyradow, “Grafika” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Guwançdurdy Durmuşow, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Awdullaýew şeýle-de Ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Haýydow Rüstem mynasyp boldylar. Umarowa Jeýran ýaş nesliň saglygyny goramak ýurdumyz üçin iň esasy meseleleriň biridigini we ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmalydygyny öz plakat işinde görkezýär. Aşyrow Öwezgeldi, Weliýewa Bägül, Babakulyýew Azat we başgalar zyýanly endikleri ýok etmek, ýurdumyzda sporty ösdürmek we abadançylygy gorap saklamak baradaky pikirleri öz plakat işlerinde açyp görkezýär. Şular ýaly sergileriň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň döredijilik işlerini ösdürmäge has-da ýardam berýär. Biz ýaşlara şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimize talyp ýüregimden sag bolsun aýdýaryn. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Abdyrahmanowa Enejan

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir