Äýnek adamyň gözüniň görmeginiň gowulanmagynda we kütelip başlan gözlere ilkinji kömegi bermekde peýdalydyr. Äýnekler gözleri her dürli zyýanly täsirlerden goramakda ulanylýan optiki abzallardyr. 01 adamlaryň arasynda giňden ýaýranydyr. Äýnegiň şöhlelendiriş plastinasyna linza, mehanizmi saklaýan bölegine bolsa çarçuwa diýilýär. Linzalaryň mineral "aýnaly" we polimer "plastiki" ýaly görnüşleri hem bar. Günden goranyş äýneklerini Orta Aziýanyň we Amerikanyň ýaşaýjylary ilkinji bolup ýasapdyrlar. Äýneklere göz üçin inçejik dilik goýlup, sapyny haýwanlaryň süňk-lerinden ýa-da agaç gabygynyň böleklerinden ýasapdyrlar. Mundan başga-da XII asyrda Günden goraýyş äýnekleri Hytaýda peýda bolup başlapdyr. Äýnek peýda bol-manka, gözleriň gowy görmekleri üçin ýalpyldadylan kristallary ýa-da aýna böleklerini ulanypdyrlar. Äýnek XIII asyrda Salwino D'Armate tarapyndan 1284-nji ýylda Italiýada oýlanyp tapylyp-dyr. 1352-njiýyldadindarTommazo da Modena tarapyndan ýasalan äýnek häzir Trewizo (Italiýa) ybadathanasynda saklanýar. XVI asyrdan öň adamlar diňe uzakdan gowy görýän äýnekleri, soňra bolsa ýakyndan gowy görýän çukanak aýnaly äýnekleri ulanyp başlapdyrlar. Äýnek Hytaýa arap we pars täjirleri tarapyndan getirilipdir. Napoleon Müsür ekspedisiýasy üçin 2 million töweregi Günden goraýyş äýneklerini sargyt edipdir. Ol her bir esgere gara äýnegi dakmagy tabşyrypdyr.Äýnek saýlananda, görejiň ýitiliginiň saklanmagyna we gözüň görejiniň bozulmazlygyna üns berilmelidir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir