Aşgabat säheriniň elektrik üpjünçiligi şäheriň golaýynda ýerleşen elektrik stansiýalaryň üsti bilen üpjün edilýär. Aşgabat şäheriniň çäginde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap durmuşy we medeni ähmiýetli binalaryň sany barha köpelip şäher gün-günden özgerýär. Şeýle-de, ilatyň durmuşy üpjünçiligi ýokarlanyp elektrik tok bilen işleýän elektrik enjamlar uly möçberde ulanylýar. Bu bolsa, elektrik energiýanyň sarp edilşini ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpli, ilatyň elektrik energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin gurulýan binalar bilen bir hatarda elektrik stansiýalar, podstansiýalar, transformator beketleri gurlup ulanmaga berilýär. Ýagny, şäheriň elektrik üpjünçiligini has ýokarlandyrmak maksady bilen Türkiýaňyň «Çalyk Enerji» kompaniýasy tarapyndan şäheriň çäginde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Кompaniýa täze podstansiýalar, transformatorlar we elektrik geçirijileri gurmak işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Şol sebäpli hem şäher käbir ýerlerinde elektrik togy wagtlaýyn öçürilip gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, işgärleriň we ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin edilýär. Ýöne, gurluşyk işler tamamlanandan soň gurnalan elektrik enjamlar uzak wagtlap gulluk edip, ilata elektrik energiýa hiç-hili bökdençsiz üpjün ediler. Şeýle-de, şäheriň köçelerine täze, elektrik energiýany tygşytly sarp edýän, şol bir wagtda adaty yşyklardan ýagty ýanýan we uzak işleýän elektrik yşyklar ornaşdyrylýandygyny aýtmak bolar. Bulardan başga-da, täze gurulýan beketlere ätiýaçdan ýangyçda işleýän dizel generatorlar ornaşdyrylýar. Bu amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ilaty elektrik energiýa bilen üznüksiz üpjün edilmegine we şäheriň köçeleri gijelerine gündiziň güni ýaly bolar.

Köneler, Adiz tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir