Ilkinji äýnekler 1285-nji yylda Italiýada ýasalypdyr. 1305-nji yylyň 23-nji fewralynda yazan ýatlamalarynyň birinde florensiyaly Jordano da Riwalto: «Gözüň görşüni ýiteldyän äynekleriň yasalanyna 20 yyl hem bolanok. Äynek - bu dünyäde iň gerekli zatlaryň biri. Men äynegi ilkinji bolup ýasan adamyny gördüm we onuň bilen söhbet etdim» diyip belleýär. XVII asyrda ýaşan florensiýaly alymlar Karlo Roberto Dati we Françesko Redi «Äýnegi kim oýlap tapypdyr? Bu açyş kime degişli?» diýen sowala jogap gözläp, ony Italiyanyň Piza şäherinde ýaşan Alessandro Spina atly alym bilen baglanyşdyryarlar. Olar «Äýnegiň Spinadan öň hem bolan bolmagy mümkin. Ýöne özün-den öňkülerden täsirlenip, has kämilleşdirendigi üçin, bu açyşy Spina bilen baglamak bolar» diýip belleýärler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir