Türkmençilikde ogul öýlendirilip, gyz maşgala durmuşa çykarylanda olaryň goç-goç ogullarynyň, sadadan asylly gyzlarynyň köp bolmagy arzuw edilýär. Türkmen halky maşgalada köp çaganyň bolmagyny oňatlyga ýorýar. Nesil dowamaty bolan baldan süýji balasyny “Bal süýji – baldan-da bala süýji” diýip söýgüleýär we ezizleýär. Türkmen halky çagany ýaşaýşyň we durmuşyň güli hasaplaýar. Onsuz ýaşaýşyňam, durmuşyňam mazasy ýokdur. Şonuň üçin hem parasatly ata-babalarymyz çagany altyn aşyga meňzedipdirler. Çagaly öýi – döwletli hasaplapdyrlar. “Çagaly öý – bazar, çagasyz öý - mazar” diýen atalar sözüni döredipdirler. Çaga döwletiň hem maşgalanyň dowamaty, geljegi hasaplanýar. Türkmen halky aýal maşgala ynsan dowamaty bolan nesil öndürýänligi we çaga terbiýeleýänligi üçin zenana hemişe uly hormat we sarpa goýýar. Enäni keramat saýmak türkmeniň ganynda bar häsiýet. Aýal maşgala göwreli bolanynda ony göze görünýän we görünmeýän bela-beterlerden gorapdyrlar. Aýal maşgalanyň göwreli wagtynda onuň saglygynyň iňňän pugta goralmagynyň hem öz sebäbi bardyr. Enäniň sagdynlygynyň täze dünýä injek çaganyň sagdyn bolmagynda uly ähmiýeti bar. Türkmençilikde sebäpsiz çaga düşürtmegi (abort etdirmegi) külli günä hasaplaýarlar. Lukmançylykda kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjek gyzlaryň we otuzbäş ýaşdan ýokary bolan aýallaryň çaga dogurmaklarynyň we ýygy-ýygydan çaga düşürmekliginiň, dünýä möçberinde alanyňda, çaga ölüminiň üçden bir bölegine sebäp bolýandygy barada anyk maglumatlar bar. Çaga düşmegi – bu enäniň göwresindäki çaganyň aýrylmagydyr. Lukmançylykda döreýiş sebäplerine baglylykda, çaga düşmesiniň iki görnüşini tapawutlandyrýarlar: ►Emeli çaga düşmesi. ►Öz erkine bolup geçýän çaga düşmekligi. Emeli çaga düşmesi (abort) – bu aýalyň islemedik göwreliligini öz islegi boýunça göwresinden aýyrtmaklygydyr. Onda operasiýa etmek usuly ulanylýar. Ol örän şikesli we agyryly bolup geçýär. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, bu operasiýa göwreliligiň möhleti 12 hepdä çenli bolanda geçirilýär. Öz erkine bolup geçýän çaga düşmekliginiň birnäçe sebäpleri bolýar. Şol sebäpleriň arasynda esasylary şular hasaplanýarlar: enäniň gaty gorkan mahaly, agyr fiziki işiň ýerine ýetirilmegi, awariýalar, urgy zerarly içikme, pajygaly ýagdaýlar, gaýgy-hasrat çekmek we ş. m. Çaga düşürtmek arkaly enäniň saglygyna uly howp abanýar. Çaga düşürtmekligiň nesil saglygy üçin zyýanly taraplary aşakdakylardan ybarat: ● önelgesizlige getirip bilýär; ● jyns organlarynyň gowşamagyna sebäp bolýar; ● aýbaşynyň kadaly geçmesiniň üýtgemegine getirýär. Çag düşürmegiň önelgesizlige getirýänligi üçin we lukmanlar hem enäniň saglygynda düýpli bir kemçilik bolmasa, çagany düşürmegi maslahat bermeýärler. Çaganyň düşürdilmegi jyns organlarynyň gowşamagyna getirýän bolsa, onda gowşak jyns organlarynda sagdyn çaga kemala gelip bilermi? diýen sorag ýüze çykýar. Şonuň üçin hem, är-aýal eger çaga edinmegi meýilleşdirilmeýän bolsalar, onda göwrede çaga galmazlygy üçin ykjam hereket etmeli. Şonda-da göwrede çaga galan bolsa, goý, ol dünýä insin! Çaga haçan we nähili ýagdaýlarda aýyrdylýar? Bu soraga şeýleräk jogap bermek mümkin. 1. Haçan-da maşgalada çaga sany has köp bolsa, ata-ene özara maslahatlaşyp, ylalaşyp, kanunçylykda göz öňünde tutulan düzgünlere laýyklykda, enäniň göwresindäki çagany aýyrtmaga hukugy bar. 2. Enäniň saglygy sagdyn çaga dogurmakdan ejiz gelse (ýaşy duruşan, agyr keseli başdan geçirip ejizlän bolsa). 3. Kämillik ýaşyna ýetmedik, ene bolmaga ukyby bolmadyklarda. 4. Dürli sebäplere görä garaşylmadyk göwrelilikde. 5. Biedep gezýän, kämil ahlaksyz aýallarda (dul aýallarda). Çagalaryň we ýetginjekleriň nesil saglygy milli merkeziniň eziz gyzlarymyza ýüzlenmesinden Mähriban gyzlar! Kamillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlarda şeýle utançly wakanyň bolmazlygy üçin ene-ataňyzyň, ýakynlaryňyzyň, mugallymlaryňyzyň berýän öwüt-ündewlerini elmydama ýadyňyzdan çykarmaly dälsiňiz. Her bir ata-ene öz balasynyň akylly-başly, öz geçmeli durmuş menziliňizi geçip, bagtly maşgala öwrülmeginiň aladasynda. Ýetginjeklik döwri siziň bedeniňiziň diňe bir fiziki taýdan ösüp kemala gelmegi bilen däl, eýsem, siziň şahsyýet hökmünde ösüp kemala gelip, köpçülikde öz ornuňyzy tapmagyňyz bilen hem häsiýetlenýär. Bu döwürde ýetginjegiň durmuşynda özbaşdak durmuşa bolan taýýarlyklar başlanýar. Ol, esasan, bilim almakdan, hünär edinmekden ybaratdyr. Siziň öňüňizde söýgi, dostluk, aragatnaşyklary ýaly durmuşyň iň gymmatly zatlarynyň gapysy hem açylýar. Şol bir wagtda bedende bolup geçýän fiziki üýtgeşmeler jynsy kämillige alyp barýar. Bu döwürde, ýagny, gyzlaryň ýetişip başlan döwründe jynsy gatnaşykdan goranmaly. Sebäbi, entek doly ösüp ýetişmedik beden üçin ol uly urgy bolýar. Wagtyndan öň edilen jyns gatnaşyklary netijesinde ýetgijek uly howpuň astynda galýar. Dürli ýokanç jynsy keseller bilen kesellemek, islenilmedik göwreliligiň ýüze çykmagy, köp halatlarda bolsa onuň gyzlar üçin uly betbagtlyk bilen tamamlanýandygyny hem ýatlamalydyrys. Garaşylmadyk göwrelilige nämeler sebäp bolup biler? Spirtli içgileri içmeklik, neşe (narkotiki) serişdelerini ulanmaklyk, tanalmaýan ýetginjek oglanlar bilen özüňi edepsiz, erksiz alyp barmaklyk. Şeýlelikde, göwreli bolmagy mümkin. Şeýle ýetginjek gyzlar, haçan-da göwreliligiň ilkinji alamatlary ýüze çykanda ýalňyş hereket edendigini bilýärler. Göwreliligiň ilkinji alamatlary: göwüs mäzleriniň çişmegi we gatamagy; işdäniň üýtgemegi; esasan, irden ýüregiň bulanmagy, gaýtarmagy. Göwreliligi anyklamagyň ýeke-täk usuly – bu akuşer-ginekolog lukmana ýüz tutmakdyr. Mümkin boldugyça, näçe ir ýüz tutsaňyz, sizň saglygyňyz üçin şonça-da gowudyr. Lukman tarapyndan göwreliligiň bardygy anyklansa, „Indi näme etmeli?“ diýen sorag ör boýuna galýar. Ýetginjek öz düşen ýagdaýyny hossarlaryndan gizlemeli däldir (iň bolmanda ene-atasyna aýtmalydyr). Elbetde, bu habar islendik ata-enäni örän gynandyrar. Sebäbi türkmençilikde halanylmaýan, ýazgarylýan iş. Ýöne ata-ene çagasyny kömeksiz goýmaz. Olar çaganyň ýeke-täk howandarydyr. Öz ýagdaýy barada ene-atasyna aýtmak bilen, ýetginjek gyz örän dogry hereket edýändir. Şondan soň ata-ene üçin „Çagany düşürmelimi ýa-da ony dünýä indirmelimi?“ diýen soraglara jogap tapmaklyk zerur bolup durýar. Bu zatlar barada gürrüň etmek türkmençilikde örän aýyp saýylýar, geň görülýär. Ýöne şeýle-de bolsa, bu zerur durmuş meseleleri barada gürrüň etmek, ýetginjeklere dürli kesellerden we saglyga howp salýan ýagdaýlardan goranmaga kömek eder. Ýetginjekleriň durmuşa has jogapkärli we hüşgär garamagyna getirer. Bu bolsa ýetginjekleriň durmuşynda ýüze çykýan käbir näsazlyklaryň öňüniň alynmagyna ýardam berer. Şeýlelikd,e geljekki guruljak maşgala ojaklarynyň mäkäm we ygtybarly bolmagyny gazanarys. Adam bedeni we saglyk ✔

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir