Laýdan küýze ýasap bolar elbetde, Hasyl bolsa hasap bolar elbetde, Her kimsäniň maňlaýynda ezelden Takdyr ýazan nesip bolar elbetde. Gül içinde gunça bardyr elbetde, Däne bolsaň serçe bardyr elbetde, Bedew atlaň toýnagyna nal bolup, Mis gadyry zerçe bardyr elbetde. Ýel bolmasa şemal bolmaz elbetde, Bir kemissiz jemal bolmaz elbetde, Ýaşaýyşy öwrenmezden, bilmezden, Beýiklikde kemal bolmaz elbetde. Dana orny törde bolar elbetde, Zähmet maňlaý derde bolar elbetde, Tötänlikde, tekiz ýolda büdreseň, Daýanç gara ýerde bolar elbetde. Her kim osar öz aklyna elbetde, Kim bar uýar halk naklyna elbetde, Jem boluban alnynda baş egiler, Dogry sözüň makulyna elbetde. Annatuwak Kakaýewa, şahyrana

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir