Ýewropada açylan ilkinji dermanhananyň işläp başlanyna ýarym asyrdan hem gowrak wagt geçipdir. Estoniýanyň Tallinn şäheriniň "Raeap teeh" dermanhanasy barasyndaky ilkinji maglumatlar baryp ha 1422-nji ýyla degişlidir. Şol ýylda şäheriň wakalary beýan edilýän kitapda Niklaus atly tarmasewtiň ýerli häkimiýet tarapyndan dermanhananyň ýolbaşçylygyna saýlanandygy hakyndaky ýazgy galdyrylypdyr. Şol sebäpli hem dermanhana 1422-nji ýyldan bäri işläp gelýär diýlip hasaplanylýar. Ýöne saklanyp galan käbir maglumatlara görä, Niklausdan öň hem dermanhanany iki sany farmasewtiň dolandyrandygy aýdylýar. Tällinniň Ratuş meýdançasynda ýerleşýän gadymy dermanhana dürli wagtlarda şäheriň iň abraýly ýaşaýjylary tarapyndan dolandyrylypdyr. Şäher bilen bagly dürli üýtgeşmeler ilhinji nobatda dermanhananyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşylanyndan soň amala aşyrylypdyr. Häzirk günlerde hem halka hyzmat edýän "Raeapteeh" dermanhanasy şäheriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. iň gadymy Ratuş aptekasy

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir