Futbol b.nça 16 njy Aziýa Kubagynda ýer eýesi Awstraliýa çempion boldy. Bu çempionlyk awtraliýalylaryň şu yklymdaky ilkinji ýeňşi bolup,olar finalda Günorta Koreýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Sidneýdäki "Australio"stadionynda oýnalan finala eýranly Alireza Faghani eminlik etdi.Duşuşyga 76385 tomaşaçy gatnaşdy.Oýnuň 1nji ýarymynyň iň soňky minutda(45)ýer eýelerinden Massimo Luonga hasaby açdy.Duşuşygyň 90+1minudynda G.Koreýanyň belli hüjümçisi Son Heung-min hasaby deňledi.Şunlukda,goşmaça 30minut oynamaly edildi.Goşmaça 30minudyň 1nji ýarymynyň iň soňky pursatlarynda Jeýms Troisi hasaby 2-1-e çykardy.Koreýalylar hasaby deňlejek bolup näçe dyrjaşsalar hem başartmady we olaryň 55 ýyllyk çempionlyk arzuwy ýene-de 4 ýyl yza süýşdi.

Köneler, Zidan tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir