Dünýäniň iň meşhur "Food And Travel" žurnalynyň okyjylarynyň pikirine görä, Türkiýäniň gür ilatly şäheri bolan Stambul 2012-nji ýylda syýahatçy¬lyk babatda iň köp isleg bildirilýän ugur hasaplandy. Bosforyň kenaryndaky şäher bu ugurda syýahatçylygyň öňdebaryjylary hasaplanýan Pariž, Singapur we Gonkong bilen bäsleşdi. Žurnalyň okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde Stambul ýokarda agzalan şäherlerden öňe saýlanmagy başardy. Hakykata seredeniňde-de, Stambul Türkiýäniň iň köp syýahatçy çekýän şäheridir. Iki yklymy birleşdirýän şähere her ýyl on millionlarça syýahatçy gelýär. Stambul iň köp syýahat¬çy çekýän döwletleriň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle hem, golaýda bu şäher başga bir neşir tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde syýahatçylyk babatda dördünji orna mynasyp bolupdy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir