Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň iki gezek lauranty, Magtymguly adyndaky baýraga iki gezek mynasyp bolan artist, režessýor, dramaturg, jemgiýetçilik işgäri Alty Garlyýew, 1909-njy ýylda Babadaýhan etrabynda dogulýar. 1929-njy ýylda Türkmen döwlet drama teatrynda (Häzirki, S.A.Niýazow adyndaky baş drama teatry) işe başlaýar. Alty Garlyýew ilkinji nobatda beýik artist. Onuň teatrda döreden keşpleriniň hemmes-ä däl, kä biri üçinem Alty aga ussat diýip, doly aýdyp bolýar. Trufoldino (“Iki agaň hyzmatkäri”), Hlesbakow (“Derňewçi”), Aýwaz Asrýan (“1905-nji ýyl”), Ýarowaý (“Lýobow Ýarawaýa”), Furmanow (“Pitneçiler”) ýaly dürli halklaryň wekilleriniň keşplerini, nusgawy dramaturgiýanyň gahrymanlaryny öz zehininde taplamagy başardy. Türkmen dramaturgiýasynyň ilkinji kerpijini goýan “Kel” piesasy, şol döwürde halkyň söýgüsine mynasyp bolupdy. Alty Garlyýew bolsa onda baş gahryman Keliň keşbinde çykyş edipdi. Alty Garlyýewiň her bir döredn keşbi hakynda uly göwrümli kitap ýazyp bolar. Onuň döreden ajaýyp sahna keşpleri barada, olaryň diňe bir iki sanysy hakynda gürriň etsegem, bu uly artistiň bitiren hyzmaty düşnikli bolar. 1933-nji ýylda teatr Karlonyň “Iki aganyň hyzmatkäri” komediýasyny sahnalaşdyrýar. Alty Garlyýewe bu ölmez-ýitmez komediýada baş gahryman Trufoldinanyň keşbini ýasamak tabşyrylýar. Aktýora keşbiň esasy özenini, hamyrmaýasyny tapmak başardýar. Sebäbi, aktýoryň özündäki şähdiaçyklyk, şadyýanlyk, ugur tapyjylyk kynçylykdan, gorkmazlyk, töwekgelçilik, ýomak atmak ýaly häsiýetler Trufoldinanyň häsiýetinde hem bar. Şonuň üçin bu keşbi göwnejaý edip döretmek, Goldoninanyň suratlandyryşy ýaly keşbirlemek, dürli gylykly edip görkezmek başartdy. Alty Garlyýewiň döreden keşbi, ondan soň Trufoldinany oýnanlara, ol çylşyrymly keşbi döretmekde ýol salgy berdi. Nikolaý Wasilowiç Gogolyň “Derňewçi” komediýasy türkmen sahnasynda ençeme gezek goýuldy. Ýöne ol eserde Alty Garlyýewiň bitiren işi soňkulara nusgalyk bolup galdy. Hlestokow öwünjeň, ýaňra, kezzap, haýasyz, söz bilen adamlaryň başyny aýlap bilýän, adam. Artist şol häsiýetlerdenem ugur alýar. Ol sahnada ylgamak ýaly çalt hereket edýär. Sözlände, tomaşaçylara düşnikli bolsa-da, ýanyndaky gahrymanlar düşünmez ýaly, çalt-çaltdan gürleýär. Onuň diýýän zatlaryndan many alar ýaly däl. Bir görseň, uly çinownik, atly işgär, bir görseňem, gürrüňinde ne many bar, ne mazmun, baş samahullama. Onam Alty Garly şeýle bir süýjüdip, aýdýar, şeýle bir enaýy hereketler bilen suňşurýar weli, agzyňy açyp galýaň. Alty Garlyýewiň Hlestakowy oýnaýşy ony soň-soňlar oýnan Kakajan Aşyrowa, Gündogdy Hakgyýewe mekdep bolup hyzmat edýär. 1955-nji ýylda Maskwada türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünligi geçirlende Alty aganyň bu işine ýokary baha berilýär, ol işi türkmen teatrynyň üstünligi hökminde belleýärler. Alty Garlyýew kinoda hem ençeme ajaýyp keşpleri döretdi, “Sowet watançysyndaky”, “Kelhany”, Dursundaky “Nurysy”, “Prokurordaky” Çarysy, “Jadyly dürdäki” Aldar kösesi artistiňilkiräk döreden keşpleridir. “Maşgalanyň namysyndan” Baýramy, “Uzakdaky gelinlik” filimdäki Kerimi, “Çopan oglundaky” Gadamy, “Aýratyn tabşyrykdaky”, Mergeni, “Aýnadaky” Tahyrowy, “Aýgytly ädimdäki” Gully hany, “Derýanyň aňyrsyndaky serhetdäki” Çarysy we ş.m.... tebigi zehini bilen göwnüňi awlaýan artistiň uly üstünligidir. Alty Garlyýew “Garrygyzfilim” kinostudiýasynyň “Soltanat” kinosynda gabanjaň Alynyň keşbini ussatlarça keşbirläp, tomaşaçylary hem haýran etdi. Alty Garlyýew uly režessýordyr. Onuň goýan “Aýratyn tabşyryk”, “Aýna” mukamyň syry ýaly uly filimleri çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen haýran galdyrýar. “Aýgytly ädim” bolsa türkmen oýungatynyň göwher gaşydyr. Alty Garlyýew “Aýna”, “Başlyk”, “Agalar hem çagalar” ýaly drama eserlerini ýazyp, milli edebiýatymyza öz goşandyny goşdy. Alty Garlyýew her gün säher bilen oýänyp, tebigata diň salmagy, töweregi synlamagy halaýar eken. Il turmanka uly işler bitiren, ýaltalary halamaýan şahsyýet eken. Ol gaharlansa-da gygyrmaz eken, içine salyp hiňleniberer eken. Düşünen üçin şol “hiňlenme” uly jeza eken. Sungaty öwreniş ylmynyň kanditaty, dramaturg Aşyr Mämiliýew Alty Garly hakda şeýle ýazýar. Ol özüniň makalalarynyň birinde, ajaýyp adam, uly zehiniň esasy hakda şeýle ýazýar. “Alty Garlyýew beýik zehin bolany sebäpli sahydy, öz sungatyny gysganmazdy. Şol sebäpden bolsa gerek, Altyny özüne halypa saýýanlar köpdi. Alty Garlyýewiň türkmen sungatynyna elinden tutup getiren zehinleri bir ýa iki däldi, köpdi. Ussat halypa ýeke bir täze, heniz ýüzi açylmadyk artistleri tapýandyr öýtmäliň, ol ençeme ýyllap artistlikde çorba sowadan, emma bagty çüwmedik adamlara-da dem berip, milli sungatyň baýlygyna baýlyk goşdy”. Aşyr Mämiliýewiň belleýşi ýaly ol töweregine Bazar Amanow, Nazar Bekliýew, Gylyç Berdiýew, Sary Garryýew, Durdy Saparow, Sabyr Ataýewa ýaly ussatlardan başga-da, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Abdylla Ýakubow, Akmyrat Bäşimow ýaly zehinleri toplady. Olaryň her biri ägirt uly işler bitirdiler, Alty aganyň ynamyny ödediler. Şunça zehiniň üstini açmak olaryň başarnygyny äşgär etmek, bir adama başartjak iş däl ýaly emma Alty Garlyýew şol işi başardy. Şonuň üçinen biz oňa uly halypa, uly şahsyýet hökmünde garaýarys. Artist, režissýor, dramaturg Alty Garlyýew öz wagtynda jemgiýetçilik işlerinde hem hyzmatyny gaýgyrmady. Türkmeniň teatr, kinosungatynyň ösmegi üçin hyzmat baryny etdi. Türkmen tomaşaçysy öz ussadyna guwanmaga, onuň sarpasyny belent tutmaga haklydyr. H.Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir