Zoao Alwes Zobin Saldanýa Sport žurnalisti we tälimçi Ýaşan ýyllary: 03.07.1917-12.06.1990. Doglan ýeri: Alegreti şäheri (Braziliýa) Lakamy: Goýduwsyz Žoan Braziliýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda geçiren soňky 12 oýnunyň hemmesinde ýeňiş gazanýar. Ol ýaş wagty höwesjeňleriň derejesinde futbolam oýnapdyr, basketbolda-da güýjüni synap görüpdir. Tälimçi hökmünde işlän toparlary: "BotaFoga" (1957-1959) Brailiýanyň milli ýygyndysy (1968-1970). Futbol hakynda gürrüň edilse, ilki bilen Braziliýanyň milli ýygyndysy göz öňüne gelýär. Braziliýaly futbolçylaram, tälimçilerem bütin dünýäde öz işiniň ussady hasaplanýar. Brazili¬ýanyň adyny arşa götermäge mynasyp goşandyny goşup ýören futbol ýyldyzlaryny we olaryň tälimçilerini wasp edýän žurnalistleriň meşhurlygy weli tarypyny edýän "gahrymanlarynyňkyça" bolmaýar. Emma olaryň arasynda biriniň, ýagny Žoao Saldanýanyň ady taryhyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylypdyr. Özem oňa sözüň doly manysynda heýkel dikilipdir. 2009-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Rio-de-Žaneýro şäherinde ýerleşýän "Marakana" stadionynyň şöhrat seýilgähinde Žoao Saldanýanyň bürünç heýkeli oturdylypdyr. *** Žoao Saldanýa 1917-nji ýylyň 3-nji iýulynda Braziliýanyň Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň Alegreti şäherinde dünýä inýär. Käbir çeşraelerde onuň aklawçynyň maşgalasynda, käbir çeşmelerde bolsa, fermeriň maşgalasyn¬da önüp-ösendigi aýdylýar. Ýöne onuň boşluk meýdanlarda, kenarýakalarda öz deň-duşlary bilen futbol oýnandygy welin ygtybarly maglumat hasaplanýar. Žoao Saldanýa 14 ýaşyna ýetende Rio-de-Žaneýro gelýär. Şol ýerde ýerli höwesjeňler klublarynyň birinde futbol oýnap başlaýar. Žoao futbol meýdançasynda birinji bolup bilmese-de, soňlugy bilen žurnalistiň kesbini ele alansoň, bu ýerde öňdebaryjylaryň birine öwrülipdir. Bu waka çagalygyndan futbolçy bolmagy arzuw edip, emma saglygy ýol bermänsoň, "Futbol oýnamasamam. bolmanda, futbol hakynda-ha ýazaryn" diýip, sport žurnalistiniň kesbini saýlap alan kärdeşimizi ýatladýar. 16 ýaşyndan başlap, futbola ymykly örküni baglan Žoao Saldanýa žurnalist hökmündäki çykyşlary bilen adamlaryň söýgüsini gazanypdyr. Ol žurnalistleri taýýarlaýan ýörite okuwlarda okamak bilen bu kesbiň inçi tilsimlerini özleşdiripdir. Esasy ýazýan temasy bolan futbolyň inim-çykymlaryny weli ol birinden öwrenmeli däl. Şoňa görä-de, turuwbaşdan bu žurnalistiň çykyşlary bilermenlerde uly gyzyklanma döredipdir. "Botafoga" futbol klubunda terjimeçi bo¬lup işe başlamagy, Žoao Saldanýanyň ykbalynda uly öwrülişik bolýar. 1957-nji ýylda bu klubuň baş tälimçisiniň "Botafoganyň" ýolbaşçylary bilen agzy alarýar. Şonuň netijesinde bu özdiýenli hünärmeni işden boşadyp, onuň ornuna tutanýerliligi bilen. tapawutlanýan, gunt düşen ýaly diýilýän terjimeçi we žurnalist Žoao Saldanýany belleýärler. Ozal tälimçi bolup işlemekde tejribesiniň ýokdugyna garamazdan, oňa bu jogapkärli wezipäni ynanmaklarynyň öz sebäbi bar. Ol diňe terjimeçilik edip oňmandyr. Hemişe tälimçiler bilen pikir alşyp durupdyr. Baş tälimçä bolsa taktiki we praktiki okuwlary geçmäge kömekleşipdir. Ol meýdançada diňe aýdylan bilen bolup ýörmän, özbaşdak oýnamaga, zerurlyk ýüze çykanda, özüňçe hereket etmäge ygtyýar beripdir. Ol: "Eger siziň öz tapan taktikaňyz netije berjek bolsa, maňa seretmäňem, meni diňlemäňem, komanda üstünlik getirjek hereketi ediberiň" diýip, hemişe gaýtalaýan eken. Žoao Saldanýanyň Garrinça hakynda aýdan bir jümlesi dilden dile geçipdir. Ol nobatdaky oýna tabşyryk berip duran mahaly şeýle diýipdir: "Ýigitler, siz meýdançanyň sag gyrasyny synlaň, biziň jerime meýdançamyzdan garşydaşymyzyň derwezesine çenli aralyk Garrinçanyň ygtyýaryna berildi. Meýdançanyň merkezinde we çep gyrada oýnaň we oňa päsgel bermäň! Siz diňe onuň özüňize geçirjek pökgüsine garaşyp bilersiňiz". Baş tälimçiniň girizýän täzelikleri we berýän erkinligi oýunçylaryň özlerine bolan ynamyny artdyrypdyr. Şeýlelikde, hatda şowsuz başlanan oýunlar hem arakesmede edilen aç-açan gürrüňlerden soň, başga hörpde dowam edipdir. Şeýlelikde, ol tälimçi bolup işläp başlan ilkinji ýylynda Rio-de-Žaneýro ştatynyň çempiony bolupdyr. Žoao Saldanýa 1966-njy ýyldaky dünýä çempionaty barada makala ýazyp, milli ýygyndynyň binýatlyk klubunyň ýokdugyny, oýunçylaryň dürli klublardan seçilip alynýandygyny, şonuň üçinem netijeli oýnap bilmeýändiklerini tutaryk edinip, şowsuzlygyň sebäbini anyklamaga çalyşýar. Bu ýerde Ispaniýada "Barselonanyň", Ukrainada Kiýewiň "Dinamosynyň", Germaniýada "Bawariýanyň", Russiýada "Zenitiň" milli ýygyndynyň binýatlyk kluby bolup hyzmat edýändigini mysal getirip bolar. Ýöne dürli ýyllarda klublaryň atlaiynyň üýtgeýändigini hem bellemek gerek. Jemgyýetçiligiň, şol sanda habar beriş serişdeleriniň wekilleriniňem bir adam ýaly bo¬lup braziliýaly futbolçylary tankytlap durandygy üçin köpi gören tejribeli Žoao Awelanž (ol soňra onlarça ýyllap bütindünýä futbol guramasyna ýolbaşçylyk edýär) ýygyndydan nägileleriň esasylarynyň birini, ýagny sport žurnalisti Zoao Saldaniýany milli ýygyndy¬nyň baş tälimçiligine belleýär. Žoao Saldanýanyň "Botafoga" tälim bermek bilen toplan tejribesi Braziliýanyň baş komandasyny türgenleşdirmekde oňat täsirini ýetirýär. 01 badabat "Santosy" binýatlyk klub diýip yglan edýär-de, 3-nji sapar dünýä çem-piony bolmagy arzuw edip ýören meşhur Peläni we onuň topardaş ýoldaşlaryny milli ýygynda çagyrýar. Žoao Saldanýa baş tälimçilige bellenilenligi mynasybetli geçirilen metbugat konferensiýasynda: "Braziliýada 80 million adam ýaşaýar. Olar maňa 80 million sany teklip aýdyp biler. Ýöne diňe meniň teklip eden oýunçylarym meýdança çykar" diýipdir. 1970-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyny Braziliýanyň ýygyndysy bir demde geçýär. Olar 6 oýunda 6 ýeňiş gazanýarlar. Garşydaşlarynyň derwezesine bolsa 23 pökgi girizip, öz derwezelerine ýekeje pökgi hem goýbermeýärler. Ýöne oňa milli ýygyndyny dünýä çempionatyna äkitmek miýesser etmeýär. 406 günläp edilen iş, çekilen abyrsyz zähmet Meksikada guralan dünýä çempionatynda öz miwesini berýär. Dogry, şol çempionatda Braziliýanyň milli ýygyndysyna Mario Zagalo ýolbaşçylyk ed¬ýär. Şol çempionatda Braziliýa 3-nji gezek dünýä çempiony bolýar. Şonda altyn medal gazanan Braziliýanyň komandasy häzirki wagtda-da dünýäniň iň güýçli ýygyndysy hasaplanýar. Dünýä çempionatyndaky üstünligi Braziliýada bütin ýurt bolup baýram edýärler. Emma şol wagt çempion bolan ýygyndyny ilkibaşda düzeniň, oýunçylary bir çukura tüýkürdip, olaryň başyny jemläniň, sport žurnalisti Žoao Saldanýadygy hiç kimiň ýadyna düşmändir. Emma bu ýagdaý ony ruhdan düşürip durmaýar. Žoao Saldan¬ýa tälimçiligi taşlap, ýene söýgüli kärine sport žurnalistligine gaýdyp gelýär. 01 dürli neşirlerde hem çykyş edýär, teleradioda hem futbol duşuşyklaryna teswir berýär. Şeýle-de, ol "Placar" atly žurnalda uzak ýyllar işläpdir. Žoao Saldanýa 1990-njy ýyldaky dün¬ýä çempionatyna sport žurnalisti hökmünde gatnaşmak üçin Rime gidýär. 1990-njy ýylyň 12-nji iýulynda hem ol öýken keseli bilen keselhana düşüp, şol ýerde aradan çykýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir