Bu gyşda-da aýnalary bug örtdi Öňküler deý galyň ýagdy ak garam Menem ýene gatlak-gatlak geýinip Ýola düşdüm penjiräňiz kakmana Gar üstünde,aýnaňyzyň öňünde Elim bilen duygularmy çyrşadym Göz öňümde janlandyrdym täzeden Ömrümiziň iň bir eziz pursadyn Hyýallary bagra basyp durşuma Pikirlermiň kelebini ýitirip Hol aňyrdan görmändirin gelýäniň Ak bäbegi gujagyňda göterip Gözlerime ynanmadym,oňa çen Kelle kakyp öýüňize sümüldiň Bir pursatda geçip gitdiň,men bolsa Bir ömürlik pikirlere daňyldym Gary depip, Nala çekip,dolandym Duýgularymy soraglara öwürip O nireden beýle boldy?Nämüçin? Pikirleri kellä geýdim,çöwürip Garlar bilen tapyşmady ugrumyz Özi gelip,özi geçdi gyşlaňam Ýöne,käte bug göremde aýnada Ahmyr bilen gözlerimi ýaşladym. Awtory - Ashyr Hanow

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir