Gadym zamanda bir patysa bolupdyr. Ol garramakdan gorkyan eken. Yurtda 60 yasdan ululary öldürtyän eken. Köp oglanlar atalaryny halas etmek ücin patysa sowgat getirip beryan ekenler. Yöne patysa almayan eken. Patysa basga sert goyupdyr. : kim kölüñ düybündaki tylla küyzäni getirse, sonuñ atasyny öldürjek dåldigini aydypdyr. Köp kisi synansypdyr emma suwa girenlerinde küyze yitirim bolyarmysyn. Aradan birnace wagt gecipdir. Yas oglanlaryñ biri atasyny halas etmek ücin, sol kölüñ yanyna gelipdir. Atasy oña küyzäñ suwda dåldigini gapdalynda ösüp duran agacdan gözlemegi aydypdyr. Gözlese dogrudanam altyn kuyze agacda eken. Suwa bolsa diñe sekili düsyan eken. Oglan küyzåni patysa eltip beripdir. Patysa yurdunda seyle parasatly we akylly oglanyñ bardygyny bilmandigini aydypdyr. Oglan bolsa bu pikiri atasynyñ öwredendigini aydypdyr. Patysa oya batypdyr: 90 oglanyñ bilmedigini bir garry gojañ bilipdir. Beyle bolsa olar gaty akylly parasatly adamlar bolmaly diyyär. Sondan soñ olary öldürtmegi bes edipdir

Köneler, Shagen tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir