London Olimpiadasyna çenli 30 gezek geçirilen häzirki Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy fransuz Pýer De Kubertindir. Ýöne ol birbada öz döwletinde goldaw tapmaýar. Şeýle-de bolsa, 1894-nji ýylda Parizdäki Sarbona uniwersitetinde 12 döwletden gelen 79 wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara sport kongresinde häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň ilkinjisini Afiny şäherinde guramak barada karar kabul edilýär. Şeýlelikde, ilkinji Olimpiýa oýunlary 1896-njy ýylyň 6-15 apreli aralygynda geçirilýär. Bu Olimpiadanyň geçirilmegine Gresiýanyň hökümeti garşy çykypdyr. Çünki ýurduň syýasy we maddy ýagdaýy beýle uly çäräni geçirmäge taýýar däl eken. Ýöne Kubertine karol Georges I razy etmek başardýar. Çakylyklaryň giç ýollananlygy sebäpli, bu Olimpiada gatnaşmak üçin bary-ýogy 13 döwletden 295 sany türgen gelýär. Olar sportuň 9 görnüşi boýunça güýç synanyşýarlar. Oýunlary Gresiýanyň karoly Georges I açýar. Bu Olimpiadanyň ilkinji çempiony hökmünde ABŞ-ly Jeýms Konnoly hasaba alynýar. Birinji Olimpiada zenan türgenler gatnaşdyrylmandyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir