Ylham guşuma oýlanma Seret, yüregimiň ýarysy, ömrümiň barysy. Ýadyňa düşýärmi? Bir wagtlar sen maňa "ýyldyzlar nähili owadan” diýerdiň. Ýöne olar gaýýar welin, olardan nam-nyşan galmaýar. Emma seniň meniň ýüregime salyp goýan yzyň entegem seretseň gözüňi gamaşdyryp barýar. Solmakdan geçen ol gaýta ýitileşýär. Görýäňmi, ýyldyzlar owadan eken emma, olardanam sen owadan.seniň meniň ýüregime ornaşdyran yzyňy söýýän adamlaryň ählisi görüp biler. Çünki söýgi kere-de,köre-de,lala da düşnikli zat. Sen meniň ylham guşum.Çünki sen ýok wagtyň meniň kellämdäki bar pikir dargap, sözlerim azaşýar.Onsaň men ne goşgy ýazyp bilýän,ne-de başga zada ünsümi berip bilýän.Haçanda sen meniň ýanymda bolanyňda bolsa, meniň barmaklarym herekede gelip, ol diňe ýazmak bilen bolýar.Şol wagt ak kagyza geçýän sözler şeýle bir owadan, şeýle bir täsirli bolýar welin, ony okan adam özüni edil jennetiň söýgi meýdançasynda ýaly duýýar. Yazan Amangeldi Shahyr

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir