Döwürdeşleri XX asyryň ajaýyp küştçüsi Robert Fişeri şeýle sözler bilen ýatlaýarlar. Sebäbi onuň täsin göçümleriniň netijesinde, dünýäniň tanymal küştçüleriniň onlarçasy utulandygyny boýun alyp, küşt tagtasynyň başyndan keýpsiz halda turmaly bolupdylar. Ynha, Robert Fişer hakda ýazylan kitaplaryň käbiri: G.Kasparow. «Meniň beýik halypalarym», Ý.Mansurow. «Fişeriň syrlary», M.Taýmanow. «Men Fişeriň pidasy bolupdym», W.Pak. «Küştgenisiniň geň-taňlyklary», I.Under, W.Linder. «Robert Fişer: ömür we oýun», S.Margulis, D.Mozenfelder. «Küştgenisiniň sapaklary»... 01 asyryň bagtly hem betbagt perzendidir: ömrüniň bir bölegini şan-şöhratyň gujagynda, beýleki bölegini hem sergezdançylykda geçirýär. Näme üçin beýle bolýar'?.. Robert (Bobbi) Jeýms Fişer 1943-nji ýylyň 9-njy martynda Çikagoda dünýä inýär. Onuň kakasy, nemes biology, kommunist Hans— Gerhard Fişer gaçybatalga gözläp, SSSR-e gelýär. Şol ýerde hem asly Polşadan bolan, lukmançylyk institutynda okap ýören ýewreý gyzy Regina Winder bilen tanyşýar. Olar basym durmuş toýuny tutýarlar. 1939-njy ýylda Amerika göçüp gidýärler. Gerhard kommunist bolandygy sebäpli, oňa ABŞ-da ýaşamagy gadagan edýärler. Onsoň ýaş maşgala ol ýurtdan beýleki ýurda aýlanyp ýörmäge mejbur bolýar. Ahyry Gerhard-ha Çilide ymykly ornaşýar, Regina-da bir ogul we bir gyz bilen Amerika dolanyp gelip, Bruklin şäherinde ýaşap başlaýar. Robert 6 ýaşyndaka, uýasy Joan oňa küşt oýnamagy öwredýär. Oglanjyk edil jadylanan ýaly bo¬lup, küşt tagtasynyň başyndan turmaýar. Deň-duşlary bilen gatnaşygyny kesýär. Ejesi Robertiň akyly üýtgändir öýdüp howatyrlanyp, ony lukmanlara görkezýär. Lukmanlar barlagdan geçirip, onuň akylynyň ýerindedigini aýdýarlar. Ejesi günleriň birinde Roberti ýerli küşt klubuna eltýär. Oglanjyk 10 ýaşynda ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar we ýeňiji bolýar. Haýran galdyryjy derejede ýatkeş Robert Fişer nemes, rus, ispan, serb, horwat dillerini özbaşdak öwrenýär we daşary ýurt dillerinde neşir edilýän küşte degişli edebiýaty asyl nusgada okaýar. Eýýäm 1957-nji ýylda, ýagny bary-ýogy 13 ýaşynda ýaşlaryň arasynda ABŞ-nyň çempiony bolýar, 14 ýaşynda hem ulularyň arasynda şol derejäni gazanýar. Amerikanyň taryhynda şeýle zehinli küştçiniň bolmandygyny belläpdiler. Ol 15 ýaşynda mekdebi taşlaýar. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Mekdepde öwrenere zat ýok. Erkekmugallymlarsamsyk. Aýal mugallymlar iki esse samsyk, olary mekdebiň golaýyna eltmeli däl» diýýär. Şeýdibem, Robert Fişeriň özüni diňe bir ajaýyp küştçi däl, eýsem, agyr häsiýetli, jenjelçi adam hökmünde hem tanatjakdygy aýan bolup ugraýar. Ony küştden başga hiç zat özüne çekmeýär. Gije-gündiz şonuň başyndan turmaýar. Sabyr käsesi dolan ejesi günleriň birinde onuň bilen tersleşýärwe 1960-njy ýylda Bruklindäkijaýy ogluna goýup, özi başga ýere göçüp gidýär. Şol pursatdan başlap hem, Robert Fişer ýalňyz ýaşap ugraýar. Onuň turuwbaşdan iň esasy arzuwy dünýäniň çempiony bolmakeken. Şonuň üçin hem, ýaryşlara yzygiderli gatnaşýar, özünden öňküleriň oýunlaryny ürç edip seljerýär, şowly hem şowsuz göçümleri anyklaýar, öz usul-emellerini synag edip görýär. Öz saglygyna berk gözegçilik edýär: arakdyr çilimi agzyna almaýar, suwda ýüzýär, tennis oýnaýar, lyža bilen beýikden pese inýär. Ol bary-ýogy 16 ýaşynyň içinde küştüň taryhynda ilkinji bolup, halkara grossmeýsteri derejesini alýar. 1960-1962-nji ýyllarda Robert Fişer halkara ýaryşlarynda 4 gezek birinji we 1 gezek ikinji orunlary eýeleýär. Ol 1960-njy ýylyň ikinji ýarymynda ýokary derejeli ýaryşlarda öňdelige eýe bolup, dünýäniň iň güýçli küştçüleriniň hataryna goşulýar. Öz ýurdunda ussat küştçini utmak hiç kime başartmaýar. Ol 8 gezek ABŞ-nyň çempiony bolýar. 1960,1962,1966,1970-nji ýyllaryň Bütindünýä küşt olimpiadalarynda ABŞ-nyň ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip, dünýäniň tanymal küştçüleriniň 65-siniň garşysyna oýnap, olaryň 40-syny utýar, 18-si bilen deň oýnaýar, diňe 7-sinden utulýar. 1971-nji ýylda dünýä çempionlygyna dalaşgärleriň oýunlarynda ol rekord netije gazanýar: M.Taýmanowy we B.Larseni «gury» hasap (6:0) bilen utan bolsa, finalda T.Petrosýan bilen duşuşyp, ony hem 6,5:2,5 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Ol 1972-nji ýylda Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikde geçirilen ýaryşda Boris Spasskini 12,5:8,5 hasabynda ýeňtp, dünýäniň on birinji çempiony bol¬ýar. Robert Fişere 250 müň dollar baýrak gowşurylýar. Ony ABŞ-da milli gahryman hökmünde garşylaýarlar. Prezident Nikson ony Ak tama bile naharlanmaga çagyrýar. Ýöne Fişer Fişerligini edýär: «Nahar iýip otyrkam agzyma seretseler, myrryhym atlanyberýär» diýip, çakylykdan boýun towlaýar. Şol ýeňişden soň Amerikada doglan çagalara Fişeriň hormatyna Bobbi diýen at goýupdyrlar. B.Spasskiý bilen oýnan oýny R.Fişeriň iň soňky resmi oýnudyr. Ol soňra ýene bir rus küştçüsi Anatoliý Karpow bilen duşuşmalydy. Ýöne R. Fişer oýundan boýun towlapdy. 1975-nji ýylyň 3-nji aprelinde FIDE Robert Fişeri dünýäniň çempiony diýen atdan mahrum edipdi we A.Karpowy täze çempion diýip yglan edipdi. Belent atdan mahrum edilen ajaýyp küştçi soňra resmi ýaryşlara dolanyp gelmändi. 1990-njy ýylda ýugoslawiýaly baý kişi Ý.Wasilýewiç 5 million dollar baýrak goýup, R. Fişer bilen B.Spasskiniň gaýtadan duşuşygyny gurapdy. Olar 10 utuga çenli oýnamalydylar. Fişer 10:5 ha¬sap bilen ýene ýeňiş gazanypdy. 1980-nji ýyldan başlap, Amerikanyň syýasaty bilen oňuşmaýan küştçiniň sergezdan durmuşy başlanýar. Ol birnäçe ýyllap Wengriýada, Filippinlerde ýaşaýar. Türmede oturyp çykýar. Soňra ony küştçi aýal, köne tanşy Miýoko Watai Ýaponiýa alyp gidýär. Ony basym Ýaponiýadan hem çykarýarlar. Çernogoriýa, Germaniýa we Islandiýa Amerikanyň raýatlygyndan mahrum edilen R.Fişere öz ýurtlarynyň raýatlygyny bermäge taýýardyklaryny mälim edýärler. Miýoko Watai bilen nikalaşan küştçi aýaly bilen Islandiýa göçüp barýar. Böwreginden ejir çekýän Fişer 2007-nji ýylyň noýabr aýynda hassahana düşýär. Oňa operasiýany teklip edýärler, ýöne ol muňa razylyk bermeýär. Fişer 2008-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda ýogalýar. Öz zamanynyň iň ajaýyp küştçüleriniň biri bolan, «Ghess lnformant» urnalynyň kesgitlemesi boýunça «XX asyryň iň güýçli küştçüsi» diýlip baha berlen Robert Fişeriň iň soňky wesýetini berjaý edip, mazar daşyna diňe «Robert Jeýms Fişer. 9.03.1943-17.01,2008» diýen ýazgy ýazýarlar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir