Günlerde bir gün Ependi öýlenipdir.Onuň alan aýalynyň bir aýagy agsak,bir gözi kör,dişleri dökülen,kellesi kel,olaryň üstesine-de küýki eken. Ol aýaly oňat tanaýan dostlarynyň biri: -Ependi näme üçin beýle yşarata öýlendiň-diýip sorapdyr. -Bular ýaly oňat bolar.Ygyp ýörmez,mydama öýde oturar-diýip,Ependi oňa jogap beripdir. -Onun diňe bir gözi görýär ahyryn. -Şol gowuda.Men näme etsemem,ol meniň eden zatlarymyň ýarysyny görer-diýip, Ependi jogap beripdir. -Onuň bar dişem dökülipdir ahyryn. -Diş näme gerek,öýde çeýnär ýaly zat barmy näme. -Onuň kellesiniň keldigine name diýersiň? -Olam erbet däl,onuň saçy üçin her hepdede hyna satyn alar ýaly men puly nireden tapaýyn? -Ependi,ol küýki ahyryn! -Seniň ynsabyň nirede,indi onda ýekeje ýetmezem bolmasynmy?-diýip,Ependi jogap beripdir.
Ependi
-
Zidan
9 years ago
- Ependi mekdepde öz mollasyna çylşyrymly sowallar berýän eken.Molla olaryň birnäçesine jogap berip bilmeýär eken.Onsoň mollanyň gahary gelip:
-Sen öz bilimiňi mazamlan bolma.Köplenç halatlarda çaga wagty akylly bolýanlar,ulalanlaryndan soň diri samsyk bolýandyr-diýipdir.
-Onda,hormatly mollam,siz çaga wagtyňyz örän akylly bolan bolsaňyz gerek!-diýip,Ependi jogap beripdir.
-
Zidan
9 years ago
- Kakasy Ependä:
-Ilki nahary getir-de,gapyny soň ýapaý-diýipdir.
Ependi bolsa:
-Ilki gapyny ýapyp,nahary soňundan getiräýinle-diýipdir.
-
Zidan
9 years ago
- Bir gün Ependi gyzyny durmuşa çykarypdyr.Atbaşçy ugrap eýýäm arany açan eken.Ependi olaryň yzyndan kowup başlaýar.Birhaýukdan soň demi-demine ýetmän,sojap olaryň yzyndan ýetipdir.Gelniň daşyny gabaşyp duran aýallary eýläk-beýläk itişdirip,gyzynyň alkymyna süsdürilip barypdyr.Töweregindäkileň hemmesi geň galyp seredip duran ekenler.Ependi bolsa gyzyna:
-Gyzym,tikin tikeniňde iňňe sapak sapanyňdan soň ujuny düwmekligi ýadyňdan çykarmagyn.Sapagy düwmeseň,ol derrew iňňeden sypar.Eliňdäki iňňe bolsa boş galar-diýipdir.
-
Zidan
9 years ago
- Günlerde bir gün Ependi,Konýa şäherine baryp,halwa satylýan dükana giripdir.Ol töweregine garaman,üstünde halwa goýlan kese tagtanyň ýanyna süsdürilip baryp,"Byssymylla"diýip halwadan iýip başlapdyr.
-Eý meniň ýaly dindar musulmanyň halwasyny mugt iýmäge kim saňa ygtyýar berdi?-diýip,Ependini ýençmäge başlapdyr.
Ependi birjik-de darykman:
-Konýa şäheriniň adamlary nähili ajaýyp eken.Olar adama zorlap halwa iýdirýärler-diýip dillenipdir.
-
Zidan
9 years ago
- Günlerde bir gün Ependi ördekleriň çeşme suwunda çümüp çykyp ýörenlerini görüpdir.Ol ördekleri tutjak bolup ylgapdyr welin,olar uçup gidipdir.Ependi çeşmäniň başynda oturyp,çöreklerini suwa batyryp iýmäge başlapdyr.Kimdir biri oňa:
-Ependi işdäň açyk bolsun.Näme iýýäň?-diýipdir.
-Ördek çorbasyny-diýip,Ependi jogap beripdir.
-
EdgarPo
9 years ago
- Sagbol, ýetirip dur. Öňem okapdym welin Ependi näçe okasaňam ýylgyrdaýýar.
-
kitaphanachy
9 years ago
- gowy
-
Shagadamm
9 years ago
- Gowii
Zidan 9 years ago- Ependiniň ogly guýa ýykylypdyr.Ependi oňa gygyryp:
-Oglum sen hic ýerik gitmän garaşgyn,men häzir ýüp getirip seni çekip çykararyn-diýipdir.