Ilatyň saglygy baradaky alada,döwletimiziň hemişelik aladasy bolmagynda galýar.Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli türkmen sportyny ösdürmek baradaky öňe sürülen meseleler şeýle-de, ýaramaz endiklere garşy göreş barada gaýragoýulmasyz wezipeler munuň aýdyň delilidir. Saglyk bolsa,rowaçlyk bor ilimde Saglyk bolsa, aýdym bolar dilimde Saglyk bolsa, gülki bolar älemde Sag bol aladaňa eziz Arkadag! Dogry, gözbaş hernäçe arassa bolsa akaba-da şonça dury hem-de akgynly bolýar. Ýaş nesli pamykdan ak ýürekli, hakyky Watan ogul-gyzlary edip ýetişdirmek ene-ata üçin-de, mugallym üçin-de beýik derejedir. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti ahlakly , sagdyn we arassa saklajak bolsaň, maşgalany ahlakly, arassa hem sagdyn , edepli saklamaly. Edebiň görnüşleri gaty kän. Olara akyl edebi, arassaçylyk edebi, sözleýiş edebi , sylag-hormat edebi , geýinmek edebi, salamlaşmak edebi, ahlak edebi we başgalar degişlidir. Edep-ekram hakynda söz açylanda , diňe bir maşgalanyň däl-de eýsem, ähli halkyň agzybirligini , ýurduň berkaralygyny isläp, ol baradaky aýdyň pikirlerini , nurana garaýyşlaryny: „Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil, Özüňňi sen özgelere göz etgil“ diýen goşgy setirleriniň üsti bilen owazlandyran pygamber şahyrymyz Magtymguly-Pyragynyň döredijiligine salgylanman geçmek asla mümkin däl.Çünki, adamzat ýaşaýşynyň köp ugurlary boýunça pikir ýöreden parasatly Magtymguly edep-ekram meselesini, türkmeniň derejeli mertebesi saýypdyr. Mekdeplerde şahyryň şygyrlary bilen berkidilen terbiýe özüniň oňat netijesini berýär. Sözümi diňlese bir bilen belkä, Maksadym nesihat etmekdir halka. Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň, Bendesi men söze hyrydar guluň. diýmek bilen , akyldar şahyr adamlara ynsanyň ruhy dünýäsiniň bezegi bolan gowy sypatlary , ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde, kalbynda jemlemegi ündäpdir. Ýady ýakyn , ýakyny dost, dosty dogan bolmaga çagyrypdyr. Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn, Toba kylmaý taňrym geçmez hatasyn, Ýa-da: Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz gardaş, Bu döwlet her kimiň eline degmez. Görüp durşuňyz ýaly , ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz gardaşy bolanyň bagtdan, döwletden paýlydygyny nygtalýar. Şeýle ogul-gyzy , maşgalasy bolanyň il içinde başynyň dikdigi hakyndaky düşünjäni kalbyňa guýýar. Hak söz halk sözüne öwrülýär. Edep mekdebiniň özboluşly durmuş kadalary şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hasyl umydy bar ekin ekene, Bu işler maglumdyr mähnet çekene, Arpa ekip bugdaý aljak gumanyň ýok. Şeýle bolandan soň her kim ekenini orýar. Alma agajynyň aşagyna alma düşýär. Dogry ýörip, dogry gezen dok bolar, Biwagt gezen melamata köp galar, Ömrüň bile ýygnaganyň ýok bolar, Haram söýen ýigitlere baş bolmaň . Ýagşyny görelde edip , azaşany ýola salyp, ýykylana söýget bolup, ýamany ýazgaryp, ýaşlary tertibe çagyrýan goşgy setirlerini okap ulalan nesliň geljekde ilhalar, zähmetsöýer, watançy, ynsanperwer, halal, ajaýyp häsiýetli ynsanlar bolup ýetişjekdikleri gürrüňsizdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşda-da, okuwda-da özüňi alyp barmagyň, özüňi edara etmegiň aýdyň beýanydyr. Saglygyň gadryny bilgil hasta bolmasdan burun, Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun, Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa bolmasdan burun, Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun, Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun. Hemişe ynsan terbiýesini gorap , belende göteren adamzat ýaşaýşynyň köp ugurlary boýunça pikir ýöreden parasatly Magtymguly saglyk we ony goramak barada hem öwüt-nesihat edipdir.Şahyr “ dertdir bu janyň zilleti, saglyk onuň soltanydyr” diýip, derdi jan üçin betbagtlyk hasaplap, saglygy soltana meňzedipdir. Parasatly ynsan : Magtymguly çilim, nas ýaly şygyrlarynyň üsti bilen “ Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil” diýip ýüzlenipdir. “ Nas atan “, “ Naskeş “ atly şygyrlarynda bolsa nasyň hapysalykdan başga , agyz boşlugynda döredýän ýakymsyz ysyny ýazgarýar. Akyldar şahyr saglyk baradaky şygyrlar toplumyny ýöne ýere döretmändir. Çünki, akyldaryň özüniň belleýşi ýaly, “ Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy “ Mähriban Arkadagymyzyň her bir başlangyjy nusgalyk we ykbal özgerdiji häsiýete eýedir. Mähriban Arkadagymyzyň her bir ýörelgesi tutuş türkmenistanly raýatlar üçin ajaýyp durmuş mekdebidir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir