Olimpiýa oýunlarynyň taryhy, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny Gadymy Gresiýadan alyp gaýdýar. Grek rowaýatlaryna görä, bu oýunlary esaslandyryjy ýarym adam, ýarym hudaý Gerkulesdir. Oýunlar resmi ýagdaýda ilkinji gezek b.e. öňki 776-njy ýylda geçirilipdir. Her 5 ýyldan geçirilen oýunlaryň ählisi hem Gresiýa tarapyndan guralypdyr we şol ýerde geçirilipdir. Şol döwürde I Olimpiada diýlip kabul edilen oýunlarda diňe ýeke ugur boýunça ýaryşylypdyr. 192 metrlik meýdanda geçirilen bu oýunlarda Koroebus hemmelerden saýlanyp, ilkinji Olimpiýa çempiony diýlip yglan edilipdir. Hut şu Olimpiadadan soňra her Olimpiadany onuň çempionynyň ady bilen atlandyrmak däbi galypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Olimpiýa oýunlarynyň geçirilişine käbir özgertmeler girizilýär. Öň her 5 ýyldan geçirilýän oýunlar indi 4 ýyldan geçirilip başlaýar. Sport görnüşleriniň sany artýar. Şeýlelikde, Olimpiadanyň geçirilýän wagty hem öň bir gün bolan bolsa, bäş güne çenli uzalýar. Olimpiýa oýunlary hut şu görnüşde 12 asyr dowam edýär. Diňe şondan soň ýene käbir sport görnüşleri Olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşulypdyr. Rim imperiýasynyň Gresiýany özüne tabyn etmegi bilen, Olimpiýa oýunlaryna başga döwletler hem gatnaşyp başlaýar. Ýöne gullar hem aýallar bolsa hatda tomaşaçy hökmünde hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylmandyr. Gatnaşyjylaryň arassa grek ganly bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Şeýle-de bolsa, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän meýdanynyň golaýragynda aýallaryň hudaý aýal Geranyň hormatyna ýörite şüweleňi geçirilipdir. Gresiýanyň ýerlerinde rimlileriň has köp agalyk sürüp başlamagy bilen Olimpiýa oýunlary gadymky abraýyny ýitirip başlapdyr. Çet ýurtly hökümdarlar Olimpiýa oýunlaryna dini gatanç gatmak isläpdirler. Grekler muny islemänsoň, 393-nji ýylda Rim imperatory Teodosius Olimpiýa oýunlaryny ýatyrypdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir