Ýyrtylsa ýamalmaz göwün ýyrtygy, Kemi baryň, hökman bolar artygy, Özüň ýaly etjek bolman her kimi, Bolşy ýaly kabul etmegi başar. Boý tapylar boýuň bilen barabar, Göwnüň ýaly göwün nirden tapylar, Ýaşaýyşda müň bir derde çäre bar. Dogana dogan deý bolmagy başar. Ýagşysyny ýaýyp, ýetir üstüni, Çuňluga kök ursun, KÖŇÜL sütüni, Özüň ýaly etjek bolman dostuňy, Bolşy ýaly kabul etmegi başar. Dagdan aşyp, inip gumly depeden, Lagar düşüp durmuş atly şatydan, Başyn egip, duşman gelse gapydan, Dostuň ýaly kabul etmegi başar. Köňül binasyny gurmak isleseň, Mynasyp deň-duşly ýòrmek isleseň, Özüňe meňzeşi görmek isleseň, Aýnada keşbiňi görmegi başar. Ezelde birleşip mähir-duýgudan, Dünýä indiň egsilmejek söýgüden, Uzagy nazarlap, asman beýginden, Eý , Adam! Adam deý bolmagy başar. Annatuwak Kakaýewa şahyrana

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir