Goýup bilmerin älemiñ bar söýgüsin Seniñ synmaz yşkyñ deñiñde Käbäm Diñe sen duýarsyñ kalbymyñ duýgusyn Her bir älemiñde deñiñde Käbäm Ogul gyzyñ, ýerde Aýyñ-günüñ bar Ýürekde päk arzuwyñ elde gülüñ bar Barlygyñda ak menziller alynýar Mahriñ bar ýeñişlen ýanyñda Käbäm Baky jyda depesinde gowrümiñ Hüwdileriñ manysydyr ömrümiñ Ýaşap ýörsüñ bagtymyza öwrülüp Ýalkap ykballaryñ ýanynda Käbäm Wysallar sen bolup jahana dolan Dilegiñ bagt guşy başyma gonan Saña tagtymyzdan beýgelip älem Dünýa görke gelmiş alnyñda Käbäm!

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir