«Sekiz düzzüm», «Bäş düzzüm», «Üç düzzüm», «Gabaw» («Iki düzzüm»), «Aşyr atdy», «Takylatdy» («Dokuz gumalak»), «Peçiz» («Nert»).. ýaly oturyp oýnalýan, paýhas-pähim milli oýunlarymyz halkymyzyň arasynda giňden ýaýran. Bu paýhas oýunlary adamlaryň medeniýetli we gyzykly dynç almaklaryna, iň gowy gylyk-häsiýetleri özlerinde terbiýelemeklerine ýardam edipdir. Milli üç düzzüm, sekiz düzzüm, takylatdy, peçiz, bäş düzzüm... ýaly oýunlaryň ýeke bir türkmenlerde meşhur bolman, eýsem dünýe halklarynyň onlarçasynyň paýhas oýunlarynyň arasynda hem görnükli orunlarynyň barlygy köplere belli boldy. Milli oýunlarymyzy öwrenmek, öwretmek we teswirlemek, ýaýratmak, olary ulgamlaşdyrmak hem-de kämil görnüşde milletiň özüne gaýtaryp bermek döwrümiziň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň we myhmanlarynyň boş wagtlaryny medeniýetli we gyzykly geçirmeklerine ýardam etmek maksady bilen milli oýunlaryň görnüşleri boýunça dürli medeni, sport çäreleri: bir wagtlyk oýun synaglary (seanslary), gaýybana oýunlary, toparlaýyn bäsleşikler — duşuşyklar, sergiler gurnalsa maksada laýyk bolardy. Aşgabät şäherinde, welaýatlarda we ýurt möçberinde gurnalýan bäsleşikler, şol oýunlar boýunça sport derejelerini almaklyga, ökde oýunçylary ýüze çykarmaklyga, ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny kesgitlemeklige mümkinçilik döredýär. Şeýle oňat maksatlary niýetläp Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň sport komiteti, welaýatlarymyzyň sport guramalary 2012-nji ýylyň düzzüm boýunça degişli birinjiliklerini gurnaýarlar. Aşgabadyň düzzüm boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasyndaky 2012-nji ýylyň birinjilikleriniň deslapkylary Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeliginde geçirildi. Şäheriň pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda milli oýunlar boýunça bäsleşikleri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi gurnady. Ýaryşlarda düzzüm boýunça sport derejelerini almaklygyň ilkinji şerti, ýaryşa gatnaşýanlar oýnan oýunlaryny düzzüm elipbiýiniň «Atabegiň sanlary» usulynda ýörite ýazga geçirmeli. Düzzüm oýnalanda göçümleriň (düşümleriň) ýazylmagy, bu ajaýyp oýnuň halk köpçüligine ýetirilmegine, düzzümçileriň kämilleşmegine, düzzüm bäsleşikleriniň görnüşleriniň köpelmegine ýardam edýär. Ýaryşa gatnaşýanlaryň öz oýnan oýunlaryny ýazyp bilmekleri üçin düzzüm elipbiýiniň «Atabegiň sanlary» usulynda ýazylyşyny ýene bir gezek ýatlalyň. Düzzüm meýdanynyň (tagtasynyň) şekilinde diňleriň (hanalaryň) 1—24 sanlar bilen belgilenişini görýärsiňiz. Sekiz düzzüm oýnunda oýun başlamazdan öň, ýagny düzzüm meýdanynda daşlar şu aşakdaky tertipde ýerleşdirilýär. Ak daşlar 9,10.11,12, gara daşlar bolsa 13,14,15,16 sanlar bilen belgilenen hanalarda. Her oýunçy öz sekiz daşynyň dördüsini ýerleşdirýär, galan daşlaryny düzzüm meýdanynda gezek-gezegine ýeke-ýekeden boş hanalarda düşýärler (goýýarlar). Düşüm (göçüm) ýazmak üçin ilki bilen göçümiň tertip sany (rim sany bilen) ýazylýar, nokat goýulýar. Soňra ak daşlynyň «düşen» (goýan) hanasynyň san belgisi (arap sany bilen) ýazylýar. Elden meýdana daş goýulsa, diňe goýlan hanasy görkezilýär. Mysaly ýazgy: Ak daşly B.Atabaýew, gara daşly A.Agajanow. I. 5.18,11.7.6, III. 4. 3, IV .20: 14—22 ýazgy beýany: I. — göçümiň tertip sany. 5. — ak daşlynyň ilkinji düşümi, ol elindäki daşlardan birini 5-nji hanadan goýýar, 18 — eli gara daşly öz bir daşyny 18-nji hanadan goýýar. II. — ikinji göçümiň tertip sany, 7. — aklaryň ikinji düşen hanasynyň san belgisi, 6 — gara daşlynyň ikinji daşy 6-njy hanadan düşülýär... IV — göçümiň tertip sany, 20 — aklar eldäki daşynyň soňkusyny 20-nji hanada goýýar we öz daşlarynyň üçüsini bir hatara (4,12,20 belgili) düzýär we gara daşlynyň eldäki dördünji daşyny alyp oýundan çykarýar — bu alamat daşlaryň üçüsiniň bir hatara (ýandan ýa-da inden) düzülenligini aňladýar. Eldäki daş alnanda hiç hili alamat bilen belgilenmeýär. IV ... 14—22 garalaryň 14-nji hanadan 22-nji hana göçümi. Göçüm ýazgynyň dowamy. 20-21 15-14:21 12—20 13-12 Göçüm ýazgynyň beýany. V. göçümiň tertip sany, 20-21 aklaryň 20-nji hanadan 21-nji hana göçümi. 15-14:21 — garalaryň 15-nji hanadan 14—njä göçmegi we 6-njy, 14-nji, 22nji diklikde üç daşyny bir hatara düzmegi (:) 21 — düzenden soň, 21-nji hanada duran ak daşyň alnyp, oýundan çykarylmagyny aňladýar. 20-21 14-13 VIII. 7-8 13-14:8.# ... VIII. 7-8 aklaryň şu göçüminden soň garalar 13-nji hanadan 14-nji hana göçýärler we öz üç daşyny bir hatara (6,14,22) düzüp, (:) aklaryň 8-nji hanasyndaky daşyny alyp utuş (#) gazanýarlar. Oýun gutaransoň, oýunçylar oýun ýazylan kagyza «ýazgynama» oýun netijesini (0:1) ýazyp, gol çekýärler. Ýazgynamalar sport dereje talaplary ýerine ýetirilende, dereje bermeklige esas bolup durýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir