Mälim bolşy ýaly, Olimpiada oýunlary uly dabaralara we şatlyk-şowhuna beslenip гечирилйäр. Özüniň ähmiýeti boýunça her ýylda geçirilýän Dünýä çempionatyndan hem uly bolan, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu çärede türkmen türgenlerimiziň hem öňdäki orunlarda çykyş edip, Garaşsyz ýurdumyzyň sport abraýyny goraýandyklary buýsandyryjydyr. Hatda halkara derejeli türkmen eminlerimiziň dünýäniň olimpiýa ussatlarynyň gyzykly bäsleşiklerinde eminlik edýändikleri hem ildeşlerimiziň göwnüni göterýän ýagdaýdyr. Bu ýetilen belent derejeleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň durýandygy biziň her birimize mälimdir. Eger-de biz häzirki wagtda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyan sport türgenlerimiziň esasan ýaşlardygyny, olaryň sport türgeni hökmünde ösüp kemala gelen we özleriniň ilkinji sport ýeňişlerini gazanan döwürleriniň hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimiziň saglyk, sport, ylym-bilim ulgamyna ýolbaşçylyk eden ýyllaryna gabat gelýändigini aňymyzda aýlasak, onda öňde aýdylan pikiriň gürrüňsiz dogrudygyna göz ýetireris. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň dünýä möçberinde uly abraýdan peýdalanýan bu halkara sport çäresine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyna üns bermegi olimpiýa oýunlarynyň düýp maksadynda parahatçylyk, dostluk, sagdynlyk başlangyçlarynyň durýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Şu ýerde aýdýan pikirlerimizi tassyk etmek üçin gysga wagtlyk olimpiýa oýunlarynyň döreýiş we ösüş taryhyna ýüzlenesimiz gelýär. Olimpiadanyň köne ýazgylarynda: «01impiýa hereketiniň maksady höwesjeň sportuň dostluk meýdançasynda guralýan göreşlerde ele alynýan gözel fiziki häsiýetleriň ösmegine ýardam etmekden we dünýäniň ýaşlaryny her dört ýyldan bir gezek halkara ynamyny, erk-ygtyyaryny döredýän, owadan we has jebis dünýäni döretmäge ýardam beryän beýik sport baýramçylygynda birleşdinnekden ybaratdyr» diýlip bellenilýär. Olimpiýa oýunlarynyň biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýyllarda ilkinji ýüze çykan ýeri hasap edilýän Gadymy Gresiýada oýunlaryň dowam edýän döwründe mukaddes ýaraşvk baglaşylyp, uruş etmek gadagan edilipdir. Onda oýnalýan sport oýunlarynyň adama fiziki sagdynlyk, güýç-kuwwat berýänligi bilen bir hatarda adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýanlygy, halklaryň, ýurtlaryň arasyndaky meseleleri gandöküşikli uruş ýoly bilen çözmekden el çekmegi ündeýänligi bu gadymy oýunlaryň XIX asyryň ahyrlarynda Fransiýada dikeldilmeginde we soňy bilen onuň bütindünýä sport çäresine öwrülmeginde uly ähmiýete eýe bolandyr diýip çaklamak mümkindir. Taryh üçin şeýle bir uzak bolmadyk möhletde - 2011-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ýöredýän syýasy ugruny «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýip kesgitländigi ildeşlerimiziň ýadyndadyr. Öz parasatly milli Lideriniň şu aýdyň paýhasyndan ugur alyp ösýän Türkmenistan bu günki gün özüniň bedenterbiýede we sportda gazanýan netijeleri, üstünlikleri, ýeňişleri bilen parahatçylyga, dostluga barýar. Aýdylyşy ýaly, bu diňe başlangyjy. Häzirki döwür - halkara derejesindäki iri sport ýaryşyna gatnaşmak döwri. Bu, döwürdäki gazanan aýdyň ýeňişlerimiz, üstünliklerimiz geljekde biziň türgenlerimiziň öz ugurlaryndan dünýä rekordlaryny täzelemekleriniň başlangyjy bolar. Biz öz türgenlerimize bu aýdyň ýolda üstünlikleri arzuw edýäris!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir