Gabat gelseň birine, Salam berişiň, edep. Çakylyga gideňde, Myhman baryşyň, edep. Synlap diýse enaýy, Sözlemeseň howaýy, Söz açaňda messaýy, Bilseň gürleýşiň, edep. Gyz ýörişi uzdandyr, Birki ädim yzdandyr, Asyllylyk - gyzdandyr, Yörseň, ýörişiň, edep. Tagam bolmaz kaşykda, Haýa bolmaz aşykda, Gyz gabagy aşakda, Gyýa garaýşyň, edep. Edep sakla gonakdan, Gül öwüssin çäýnekden, Gyl çykmasyn çanakdan, Saçyň daraýşyň, edep. Güler ýüzi yşnakly, Geýim geýse gelşikli, Bary bilen oňşukly, Başyň çaraýşyň, edep. Hassa halyn duýmany, Saralypsyň diýmäni, Başyn gamda goýmany, Halyn soraýşyň, edep. Tisginip çirkin sese, Gabat gelseň näkese, Yük bolmany hiç kese, Daşyň goraýşyň, edep. Adam başy azaply, Durmuş saňa güzaply, Bakan wagty gazaply, Oňa garaýşyň, edep. Başy aşak gür şaha, Gözel gördüm bibaha, Görküne taý ýok, tenha, Barça ýaraýşyň, edep. Annatuwak Kakaýewa, şahyrana

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir