Ýurdumyzyň syýasy ösüşlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistan diýarymyzyň ähli ýerlerinde edilýän işleriň aladasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýar. Ýurt baştutany Türkmenistan ýurdumyzyň syýasy, ykdysadyýeti bilen baglanyşykly dünýä nazar aýlaýar. Türkmen diýary iň ajaýyp nusgalary özünde jemleýän ýurtlaryň biridir. Häzirki döwürde diýarymyzda geçirilýän işler ummasyzdyr. Her bir etraplarda, kärhanalarda edilýän işler döredilýän mümkinçilikler iň esasy meseleleriň biridir. Oba-şäherlerimiziň ösüşleri, milli aýratynlyklardaky bezegler, dünýäniň ösen tehnologiýasy bilen üpjün edilen kärhanalar, beýleki edaralaryň mümkinçiligi ýokarydyr. Dünýä standartyna laýyk gelýän maddy hem-de ykdysady ölçegleriň täsiri bu gün her bir türkmeniň öňünde watana bolan söýgüni döredýändir. Watan duýgusynyň serhetsiz ölçegi, türkmen diýarynyň bagtly gelejegini ölçeýän nazardyr. Her bir türkmeniň öz diýaryny söýmesinde, öz diýaryna bolan hormatynda welin, soňsuz söýgi bardyr. Türkmen diýarynyň mähriban watanymyzyň ösmegi ilki bilen ýaşlaryň işewürligine baglydyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir