Aşgabat Orta Aziýanyň merjeni hasaplanylýan gözel paýtagtymyzdyr. Paýtagtymyzyň ýagty binalary, onuň hiç wagt mizemez ojagy ýada salýan berkden berk tutulan binýatlaryny görmäge göz gerek. Onuň beýik sütünli çar bagly durky, ýüpek ýaly şaglap duran ak ýollar, ýolagçylaryň howpsuzlygy hem-de şäher gözelligi üçin döredilen ajaýyp ýerasty köprüler, merjen paýtagtymyzyň sadap monjugy bolan ajaýyp suw çüwdürimleri, bularyň ählisi halkyň bähbidi, dölwetiň mizemez binýady bolan paýtagt şäherimiziň hatyrasyna edilendir. Şonuň üçinem häzirki döwürde gurlup, ulanylmaga berilen beýik binalardyr, edara-kärhanalaryň kaşaň jaýlary, bularyň ählisi paýtagtymyz Aşgabadyň gözel goýnuna gözellik goşýar. Nurly şäheriň gijeleri özboluşly sungat eserini ýada salýar. Kalbyňda heýjan oýarýan bu gözelligiň içinden dünýäde şeýle gözel şäherden gözel zadyň bardygyna ynanmaýanyňy boýun alýarsyň. Gözelligiň hem-de bakylygyň simwoly bolan bu beýik ýaşaýyşy bina edýän Arkadag nesli bu gün bagtly çagalaygyň gijagynda. Her bir döwletiň öz ýüregi-paýtagty bolşy ýaşy, biziň paýtagtymyz Aşyklaryň şäheri diýip atlandyrylýan Aşgabat şäheridir. Aşgabat şäheri gözellik simwoly. Şeýle ajap şähere dünýäniň dürli künjünden gelýän myhmanlaryň yzy üzülenok. Beýik şäher-bu gün alyslardan seleňläp görüneninde uçarly bolsun hala, ulagly daşdan merjeni ýada salýar. Onuň çyralarynda nur parlaýar. Ol çyralar adamlara ýagty gelejegi, abadan gündizligi bagyş edýär. Ol nurlar ýaşaýyşyň beýik simwoly bolan parahatçylygyň reňkinde. Ine, şeýle ýurtda ýaşaýan her bir raýat öz şäheriniň, öz watanynyň soňsuz gözelligini söýüp hem ony duýup, ýaşamaga mümkinçilik tapýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir