Arada şäherimiziň sport merkezinde boksçy türgenler bilen janköýerleriň duşuşygy boldy. Il deňinde çagyrylamsoň, şol agşama menem bardym. Çykyş yzyna çykyş, söz yzyna söz, garaz, söhbet gyzyşdy. Gezek maňa-da ýetdi. Agşamda goşgy okatjakdyklaryny aňamsoň, gazetde suratym bilen çap edilen şygyrlarymy ýanym bilen alyp bardym. Gazeti oturanlara görkezdim-de, joşup, hezil edip, goşgy okadym. Baý, çapak çaldylar-a.Duşuşykdan soň, haýaljak ýöräp, çykalga ýetdim. Şol wagtam garşymda bir ýigit peýda boldy. Ol sen-men ýok elimdäki gazeti kakyp aldy-da: Agam, biçak haladym. Goşgularyňyz gowy, suratyňyz has-da görnükli — diýip, göçgünli seslendi. Geň galmakdan ýaňa äm-säm boldum. 01: Özümem halap baramok welin, şu gylygymy hiç örkläp bilemok. Siz ýalylary görsem, saklanyp bilmän, ýelmeýän-dä - diýip, kirpikmen gözlerini çalt-çalt gyrpyldatdy.Serimde sergezdan pikirler peýda boldy. Edil häziriň özünde agzymyň üstüne ýelmenäýjek ýaly. Şu howsala aňymda tüweleý turuzýar. 0l bolsa ýene alkymyma dykylyp gürleýär:Boks diýleniň keýpi başga-da! Gyzygýan pişäm şu-da meň. Kimleri-kimleri ýelmedim. Kimleri-kimleri çüýledim. Muhammet Alyny çüýledim. Maýk Taýson, Jo Frezer dagyny-da ýelmedim. Ýakynda-da doganlar Kliçkolary ýelmedim welin, bolmady, iki-dä olar, onsoň çüýlemäge laýyk geldi, juda jaýdar çüýledim. Walla, sizem şoňa dogry gelýäňiz-dä...Näme diýjegimi bilmän, aljyrap durun. Şol wagtam tanyşlarynyň biri ýüwrüp geldi-de, ony ýanyna çekip, idirdedip ugrady.Yör-how, ýaryş başlandy. Näme, ýaşulyny güýmäp dursuň? Gidip barşyna-da öwrülip, seretdi-de:Agam, bu Patdyda hokga ýeterlikdir, aýyplaşmaweriň! 01 göwnüne ýaraýan kişileriniň suratlaryny gyrkyp alýar-da, käsini alboma ýelmeýär, gabarasy uluraklaryny bolsa otagynyň diwaryna çüýleýär — diýdi welin, depämden duman aýrylan ýaly boldy. Abraýguly MÖWLAMOW

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir