Ýigide şeýle gyz gerek
Yüzi gözi gülýän bolsun
Ugrunda bolup jan serek
Çyny bilen söýýän bolsun
Gaýyn enä çep bolmasyn
Ýakyn ýada gep bolmasyn
Gereginden köp bilmesin
Akyl tapsa alýan bolsun
Çykarman gataltman sesin
Gaýyn atany diňlesin
Ahyret imanyn
Mydam ýada salýan bolsun.
Ökde bolsun tagam duza
Hem geyinsin tämiz täze
Baldyzlaryna ähli gyza
Kemsiz nusga bolýan bolsun
Ulularyn pendin tutsun
Gündiz işläp gije yatsyn
ATASY ÖÝÜNE GITSE GITSIN
ÝÖNE BASYM GELÝÄN BOLSUN.
Kem bolmasyn akyl huşy
Ynjytmasyn garry yaşy
Soramazdan etsin işi
Ederini bilyän bolsun.
Bikar hamyr ýugurmasyn
Çörek gözlap ýügirmesin
Üstine gün dogurmasyn
Säher bilen turýan bolsun.
Hormata besläap özüni
Ösdürip ogul gyzyny
Maşgalanyñ bagt sazyny
Ýany bilen çalyan bolsun .
Гульша Кетаева - Ykbal ýodalary