Aýrylmaz yürekler, aýrylmaz tendik,
Bir-birege berilen, sözdük, wadadyk.
Şatlandyk, güldük käte agladyk
Şol günlermiz, unudulsa niçik bor?!
Sen gitdiň bagymdan, sallandy baldak,
Bolup galdy, "geler" umydym yaprak.
Diydiler: "gidişler uzak bolsa, bolmaz garaşmak"
Yaprak baldagyndan, gaçsa niçik bor?!
Günler geçip, öz bagtyma gowuşsam,
Yürekden söýsem, köňülden joşsam
Ýar boynuna saralyp, bagtymy duýsam
Şonuň bilen, durmuş gursam niçik bor?!
Dagda duman bolsa, düzde hem güller
Ýakynlan ýat bolup, senden gitseler
Ahwalyň soramasa, baharda ýeller,
Senem ýeke galsaň, şonda niçik bor?!
Zeminde ýaz bolsa, gökde hem bulut
Aýlaram tiz geçse, durmany wagt
Perzendim dünýä inse, eçilip bagyt
Sen adyň gyzyma, daksam niçik bor?!
Akmyrat Welkakayew.Ykbal ýodalary