500 ýyl mundan ozal Rimde Fredileriň maşgalasy ýaşapdyr. Olar hiç zada horluk-zarlyk çekmeselerem, Fransiýa göçüp barypdyrlar. "Baran ýerinden getirýän" diýilýän edenli Fredileri derrew hemmeler tanap ugraýar. Olaryň içinden edenli işewürlerem, edermen harbylaram, başarjaň diplomatlararn çykypdyr. Şonuň üçin olara hormatly atlaram, derejelerem berlipdir. Fredileriň maşgala agzalarynyň biri Zan Wersal şäherinden uzak bolmadyk bir ýerden Kuberten diýlip atlandyrylan mülk ýerini satyn alýar. Şondan soňra Fredileri ýuwaş-ýuwaşdan Kubertenler diýip atlandyryp ugraýarlar. Soňlugy bilen olar Kuberten adyny özlerine familiýa edip alýarlar. 1063-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Pariziň Undino köçesiniň 20-nji jaýynda ýaşaýan ŞarlLui de Fredi bilen Agata-Gabriýel de Grizensa de Merwiliň maşgalasynda ogul bäbek dünýä inýär. Maşgalanyň 3-nji perzendine Pýer diýip at goýýarlar. Ony şol döwrüň iň ýörgünli kesbi bolan harby okuwa salmak isleýärler. Emma Pýer de Kuberten filosofiýany saýlap alýar. Şeýlelikde, ol Sarbonna uniwersitetiniň filosofiýa fakultetinde milli bilim we fiziki terbiýe boýunça okap başlaýar. Pýer de Kuberten atçylyk sporty, boks, fehtowaniýe bilen meşgullanypdyr we gadymy siwilizasiýalaryň medeni mirasy bilen gyzyklanypdyr. Şeýlelikde, ol täze bir zady oýlap tapmagyň zerur däldigini, iň gowusy ozaldan bar zady döwrebaplaşdyrmagyň has netijelidigini aýdypdyr. Şonuň netijesinde ol gadymy Olimpiadalary dikeltmek boýunça işläp ugrapdyr. Onuň teklibini ilki-ilkiler hiç kim goldamandyr. Emma soňlugy bilen olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleriniň sagdyn nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyna düşünipdirler. 1896-njy ýylyň 5-nji apreli taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylypdyr. Hut şol gün Afiny şäherinde I tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolupdyr. Ýöne şol oýunlar häzirkisi ýaly yzygiderli ýaryşlara öwrülýänçä kän çaý sowatmaly bolupdyr. Bu işleriň gözbaşynda duran Pýer de Kuberten gije bilen gündize parh goýman işläp, Olimpiýa hereketini wagyz edipdir. Ol olimpiýa kasamyny, olimpiýa nyşanyny oýlap tapypdyr. Bir-biriniň içinden geçip duran 5 sany halka 5 yklymyň birleşmeginiň alamaty bolup hakydalara ornapdyr. 5 halkaly olimpiýa baýdagy ilkinji gezek 1914-nji ýylda Parižde asmana galdyrylypdyr. 1894-nji ýylda Olimpiadalary täzeden dikeltmek baradaky kararyň kabul edilendigi üçin baýdak galdydyrylyş dabarasy şol senäniň 20 ýyllygyna gabatlanylypdyr. Olimpiýa baýdagy resmi taýdan 1920-nji ýylda Antwerpende guralan Olimpiadada asmana galdyrylypdyr. Pýer de Kuberteniň 30 ýyla golaý wagtlap Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti bolan.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir