Pýer de Fredi, baron de Kuberten (I863-1937) kolleji tamamlap, Sarbonna uniwersitetinde okapdyr. Ol göreldeli talyp bolmak bilen bir hatarda, hemme ýerde özüni tanadypdyr. Taryh bilenem, filosofiýa bilenem, syýasat bilenem, pedagogika bilenem gyzyklanan Pýer de Kuberten olaryň ilkinjisine has imrigýar. Gadymy Elladanyň taryhyny öwrenmek bilen özi üçin täze bir dünýäni açýar. Ol öz gyzyklanýan ugurlarynyň biri bolan pezdagogikany sport we bedenterbiýe bilen utgaşdyryp biljekdigine göz ýetirýär. Pýer de Kuberten 19 ýaşynda dostlary bilen sport klubuny açyp, ol ýerde futbol, fehtowaniýe, gämide küreklemek boýunça öz başarnyklaryny synap görýärler. Olar fiziki taýdan kämilleşmezden, ruhy kämilligi gazanyp bolmajakdygyna oňat göz ýetirýärler. Pýer de Kuberten köp döwletleriň fiziki terbiýä näderejede üns berýändigi bilen gyzyklanyp, olimpiýa oýunlaryny dikeltmegiň zerurlygyna düşünipdir. Tutan ýerini goparýar diýilýän bu ýigit 26 ýaşynda olimpiýa oýunlaryny dikeltmek baradaky pikire gulluk edip başlaýar. Tä 73 ýaşap aradan çykýança hem şol ugurda işläp, olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine rnynasyp goşandyny goşýar. Diýmek, ol ömrüniň ýarym asyra golaýyny bu işe bagyş edipdir. 1892-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Sorbonna uniwersitetinde Pýer de Kubertem olimpiýa oýunlaryny dikeltrnek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Onuň aýdan sözleriniň mazmunyna çuňňur düşünmeselerem, ol ýere ýygnanan adamlar bu teklibi halkara maslahatda ara alyp maslahatlaşmagy Karar edýärler. Şol maslahata çagyrylan iri döwletleriň sport guramalarynyň Wekilleri, ýagny 10 döwletden baran 2 müň töweregi adam geçiriljek bolunýan oýunlaryň düzgünleri barada pikir alyşýarlar. Şondan soň Kuberteniň arzuwynyň amala aşmagyna az wagt galýar. I894-nji ýylyň 23-nji iýunynda Parižde Halkara olimpiýa komiteti (HOK) esaslandyrylýar. Bu bolsa olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky pikiriň barha çynyrgap barýandygyny aňladypdyr. 1096-njy ýylda bolsa şol arzuw amala aşýar. Häzirki wagtda her ýylyň 23-nji iýunynda olimpiýa güni bellenilip geçilýär. HOK-yň döredilmeginiň bir asyrlyk senesi bolsa uly dabara beslenýär. BMG 1994-nji ýyly "Halkara sport wg olimpiýa ideallarynyň ýyly" diýip yglan edýär. Pýer de Kuberteniň ömrüniň dowamynda sport pedagogikasy bilen içgin gyzyklanandygyny aýtmalydyrys. Ol ýaşlary fiziki we ruhy taýdan ösdürmekde sportuň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatynyň bardygyny nygtapdyr. Şol maksat bilenem sport pedagogikasynyň ähmiýetini düşündirip, ony fransuz ýaşlarynyň aňyna guýupdyr. Soňlugy bilen bu pilsir bütin dünýä ýaýrapdyr we giňden goldaw tapypdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir