Şol beripdi Baş söýginiň mähnetin... Nirelere alyp gitdi kysmatyň! Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da, Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin! Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz. Men weli ölýänçäm dem alman sensiz. Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam – Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň... Ömrüň menzillerden menzile ýetsin. Men senden öňürti süýneýin sessiz. Gara habar güni gara gözüňden Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir. Rubagym söýgüden başlandy şeýdip. Indi munuň-yzy giderkä nädip? Dünýäde söýgi kän, haýyr kän, şer kän, Haram kän, halal kän... Gidiber gädip. Öňümden çykdy-da, diýdi bir daýhan: «Wiý, wiý, men-ä size barýardym myhman!» «Ýör, myhman!» Yzyma hyrra öwrüldim. Ýol hökmandy. Myhman has beter hökman. Ýaňyrak bir ýerde gördüm bir toýy. Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy. Söz berildi çynar boýly ýigide – Gepinden utanyp aglap dur boýy. Daşyndan seretseň – durşuna edep. Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep. Bir minut içine girip bolsady – Tapmazdyň dünýäde şondan biedep. Ynha rubagylam düşdüler ýola. Biri saga çekýar, birisi sola. Aýby ýok! Hemmesi adam hakdadyr. Ahyry ählisi üýşer bir dula. –Goňşy, ugur nirä? – Rektoryň ýanna, –Hä, okuwa girjek bolýarmy Anna? –Anna ýatdan çykdy!» Üç sany ýegen Üç aýlap goş basyp ýatyr eýwanda! Aý geçýär, ýyl geçýär, Üýtgeýär moda! Oň maşyn modady. Indi – pyýada! Köçä çykdym. Maşynlylar aňk boldy: –Hanha pyýada bar! Hanha pyýada! Bir dostum täzelik buşlady şu gün, Begenip, gözlerin ýaşlady şu gün. Diýdi: «Altmyş ýaşa ýeten ýolbaşçym Çeper kitap okap başlady şu gün!» Jaý aýdylan sözüň minneti bolmaz. Gijä galan sözüň gymmaty bolmaz. Rubagym şu güne hyzmat etmese. Ertirki güne-de hyzmaty bolmaz. Kerim Gurbannepesow.

Köneler, Horjun tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir