(şahyrana oýlanma) Men ýene-de göwnümiň aram tapan ýerine göwün güzerine geldim. Soňky wagtlarda aram-aram bu ýere gelmek maňa endik bolup galypdy. Mahal-mahal öz pikirlerim bilen ýalňyz galmak islegi kalbymda peýda bolan çagynda hem men şu ýere gelerdim. Durmuşda endiganlyk kadasy saklanmaýar. Belki-de onuň bar gyzygy-da şonda bolsa gerek. Edil adam häsiýetleriniň birmeňzeş bolmaýşy ýaly. Ezelinde ýaradanyň ynsana ýaşamak üçin eçilen ajaýyp günlerinde-de, onuň ykballara bagyş edýän wakalarynda-da meňzeşlik ýok. Älemi meňzeşlik gurşap alsa onuň tagamy boljakmy diýsene?! Şol bir nygmaty iýiberseň mädäňi irizjegi gürrüňsiz. Şol bir reňk hem adamy basym bez edýär. Pikir atym akyl meýdanynda jöwlan urup başlady. Ynjalyk bermeýän pikirler uzak aýlawa goýberilen bedew kysmy, serim içre öwrüm edýär. Özümiň ejizligime, onda-da naçar bolup dogulanyma ahmyr edýärin. Daşdan görmäge: „Mähek ýaly dogumly“ diýip baha berselerde, gepden-sözden gaça durup, ökje ogurlaýan edähedim bar. Şonuň üçin-de meniň bu häsiýetimden peýdalanyp, gerdenimden basyp geçýänlerde ýok däl. Men ony bilsem-de bilmediksiränden bolýan. Onuň üçin kän bir göwün-garyn edip duramok. Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermek ýagşylykdan däl. Durmuşdaky iň eý görýän häsiýetim geçirimlilik. Şonuň ýaly-da iň gowy görýän şygarym: „ Janymy al, wagtymy alma!. Çünki, üç zady yzyna gaýtaryp bolmaýar. Olar agyzdan çykan söz. Geçen wagt. Çykan jan. Ýigrendigim baryny mazamlap, özüni gižželäp ýaşaýan. Käbir adamlar alňasap ýaşaýarlar. Men olaryň bolşyna düşünjek bolýaryn. Olar bilen çaknyşaýmakdan ätiýaç edip, sowlup ýol berýärin. Sebäbi, meniň howlugyp barýan ýerim ýok. „Assa giden uzak gider“ diýipdirler. Barmaly menzilime bir sagat ir barmasam giç barjak ekenim. Iň esasy-da ýagşy garaýyşdan özge hiç zat babatda adamlardan tamakinçiligim ýa-da hantamaçylygym ýok. Birine hormat goýsam tüýs ýürekden hormat goýýaryn. Ýigrensem-de çynym bilen ýigrenýärin. Ony gursagymda gizlin saklajak bolsam-da, barybir gözlerim dogrusyny aýdyp dur. Göwnümiň doklugy näme degmeýär. Güzeriň sowuk suwuna barmagymy batyryp, serimdäki gyzgyn pikirleri sowatjak boldum. Käşge şeýtmek bilen kalbymy basmarlaýan pikirler rahatlyk tapsa?.. Böwrüme diň salyp, akyl medresäme agram saldym. Bir ýerde durup bilmän, iki-baka zowzalap ugradym. Aýak ýalaň ylgap bütin älemi torç edip çykaýasym geldi. Meniň ruhy dünýämde gopýan bu galagoplygy geňläp oturasy iş ýok. Dyrnagyň içinden kir gözlemegiň hem geregi ýok. Bu ýerde gürrüň köňül nazarýeti hakynda. Ony söýgi riştesi bilen baglajak bolmagyň geregi ýok. Demirgazykdan öwsen sowuk şemal ýüzümi ýelpäp geçdi. Ylla diýersiň duýdansyz degen şarpyk ýaly, ýaňagym gyzyp gitdi. Salym geçmän ýene-de yzyna köwsarlap, saçlarymy sypalaşdyrdy. Bulaşan saçlarymy barmaklarym bilen daradym. Özümi oňaýsyz duýdum. Sebäbi, bir säw bilen eşigime degen sähelçe tegmil-de meni birahatlandyrardy. Şony tä ýuwup aýyrýançam ynjalmazdym. Bu gezegem şeýle boldy. Saçlarym entegem çalam-çaş bolup duran ýaly kölegäme seretdim. Ýöne kölege kölege bolýar. Ol kemçiligiňi aýyl-saýyl görkezenok. Kimler bir zat ýazjak bolsa, töweregine gazet-žurnaldyr, kitap baryny üýşürip, daş-töweregini çalam-çaş edip nazaryny uzaklara dikip oýa batýar. Bu tertipsizligiň olaryň pikirlerine rahatlyk bermeýşine geň galýaryn. Şeýle ýagdaýda ýazylan naýbaşy eserlere-de sözüm ýok. Ekin hem hapa ýerde hasyl berýär. Hernäme-de bolsa tämizlik gowy zat. Özüňi şoňa taýar etmeli. Ýogsam tertipsizlik bütin ömrüňe ykbal bolup galmagy mümkin ahyry. Nämä endik etseň adam şoňa-da öwrenip galýar. Azajyk bolsa-da biynjalyk edýän pikirlerden ünsümi sowmak üçin özümi tijäp elime galam aldym. Emma ýene-de pikirlerim ylla toý saçagyndaky süýjülik ýaly pytrap gitdi. Şirin ýatlamalara gark boldum. Ýatlamaga degýän günleriň bahasy ýok. Ýagşylyk bolup kalbyňa siňen günler ýagşylyk bolup hakydamda ömürboýy möhürlenip galypyr. Şonuň üçin wagtlaýyn şahyrana oýlanmalara berilip ýatlamalar ýazýaryn. Hawa, hawa wagtlaýyn. Elbetde, bu hal uzaga çekmez. Durmuşda ejizläp heniz ruhdan düşen ýerim ýok. Men basym özümi ele alarayn. Güýç toplap aýaga galjagyma, ýitiren wagtymyň yzyndan kowup ýetjegime ynanýaryn. Bir zat meniň ýanyma pat edip düşdi. „Ýalt“ edip töweregime howatyrly seretdim. Meni süýji ýatlamalardan oýaran nämekä?! Birden-de aýagymyň ýanynda ýatan gaty kesege gözüm düşdi. Kim zyňdyka? Nyşany çenäp atdy welin, gaty kesegi maňa zyňdymy-ka? Aşagynda oturan miweli agajyma siňe esewan etdim. Onuň çür başynda, gür ýapraklaryň arasynda bişen süýji miweleri özüni güjeňläp durdy. „Miweli agaja kesek zyňylýar” diýileni şu bolsa gerek-diýip, egilip gaty kesegi elime aldym. Ony elimiň aýasynda owradyp, zeminiň goýnundan laýdan çuňdan giň güldan ýasadym. Soňra miweli agajyň kölege düşüp duran ýerinde oňly boý alyp bilmän saralyp barýan güljagazy, şol häki laýdan bejeren güldanyma göçirip, düýbüne suw guýdum. Şeýdip, miweli agaja atylan kesekden owadan gözelligi döretdim. Bu gözellik meniň duýguly dünýäme joşgunly ylham bagyş etdi. Goşgy ýazmak üçin duýguly dünýäň joşguny, akary batly bolmalydy. Şu pursatda kalbymda köňüllere goşgy bolup dolmak islegi möwç urdy. Şeýle ýagşy umytlary kalbymda besläp, köňül badasyny gözellik duýgularyndan dolduryp, göwün güzerine eňterdim. Türkmeniň Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyra A.Kakaýewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir