Seniň watanyň Watan seniň ýaýlalaňda, Ganat baglap uçabilsem. Deňizlerden derýalardan, Tolkun bolup geçibilsem... Şu aýdym gursagymda her säher ýaňlanyp dur.Bu aýdymda täze bir ahwal ,täze bir heň bar.Bu aýdymyň ahwalyna düşeniňde,özüňi ýitirip,dünýäniň dört künjüne at-owazasy dolan bu eziz diýaryň gymmatyna düşünýärsiň.Iň süýji zatlaryň hemişe çeşmesi bolýar,şol çeşme,şol näzijek mukam hemişe seni özüne bendi edýär-de soňra ummana sapýar.Ol ýüregiňde tirsildäpjik dur.Ol duýga watan diýilýär.Seni göbek ganyň siňen ýerlerine baglaýan duýgynyň aňyrsynda gör nämeler bar.Şol duýguda sen kä halatlar gaýmak ýaly bolup,eräp gidýär.Sen onsoň gözleriňi ýumup,bu watanyň üstünden uçup gidip barýarsyň.Watan giňişligindäki gudrat seni özüňden çykaryp,ganatyňy ýaýyp,gursagyňdaky gyzgyn aýdymyň döremegine goltgy berýär.Sen,kiçijik sen bolsa,bu giň ýaýlalaryň dergähinde özüni tapýar.Senem onuň gursagyndaky demi duýýarsyň.Şeýdibem,öz gursagyňda bar bolan deme bir dem gulak asýarsyň.Ýüregiň gürsüldäp dur.Ýüregiň gürsüldisinde täze dem bar.O gürsüldiniň sesini bilýärmiň sen haçan döredi.Ol gürsüldi sen watanyň howasyny alan günüň döredi.Ol gürsüldi seniň synalaryňdan damar-damar bolup akan ganlaryň içi bilen watan howasyny alyp ýöredi.Şol howada bolsa,sen ilkinji gezek dem aldyň.Şol howa bilen ýaşadyň,yşgyňy şol howa berdiň,indem onuň her deminde sen başgaça bolýarsyň.Sen ol demiň içi bilen ýaşap ýörsüň,ömrüň ahyryna çenli şol dem bilenem gitjeksiň.Ine,şol duýgularyň ählisi watandyr,sen ony unutmaly dälsiň.Watan düşünjesine ýene nämeler girýär diýýärmiň?Oňamy,ýene-de eneň gözýaşy,ataň ardynjyrap,säher bilen düýeleriň arasyna seýil edip,donuny ýelbegeý atynyp,maşgalasyny örüzmegi,ine,bu hem watan.O täsin görnüş başga hiç ýerde hiç wagt gaýtalanmaz.O görnüşiň içinde seni ykbal öwrümlerine tarap alyp barýan bir şadyýan nagyş bar.Sen ejeňi,kakaňy,dünýäňi unudyp,nirelerden nirelere barýarsyň?Seniň ol barýan ugruň saňa gör näçe mähribanlyk berýär,şoňa düşün dogan.Şoňa hökman düşünmelisiň.Sen şoňa düşünmeseň,bolmaz.Ak arzuwlara düşünmek üçinem sen juda salyhatly bolmalysyň.Eneň-ataň diýen sözleri seniň üçin kanundyr,şony ýadyňdan çykarma,olaryň saňa ýamanlygy ýokdur,olar saňa iliňi söý,günüňi söý diýerler.Olar saňa ula-kiçä hormat goý diýerler,olar saňa topragyňy maňlaýyňa tagzym et diýerler,ine,onsoň şeýdibem sen bu gözel diýaryň ot-çöpüni,guşlarynyň aýdymlaryny,bulutlaryň bölek-bölek bolup,güneşden jyklaýyşlaryny synlap,özüňi dünýäniň iň bagtly ynsanlarynyň biri hasaplap bilersiň.Şonda saňa giňiş asman söýmäni öwreder,şonda saňa äpet güneş,mähir diýen zadyň gursakda gaýnaýyşyny öwreder.Şonda saňa mähriban zatlary hiç wagt taşlap gidip bilmeýän türkmen hamraklygyny ýatlatjak her bir zat öňüňden çykar durar,çykar durar.Senem olaryň ählisine jogap bermelisiň.Ýadyňdan çykarma,hiç wagt özüňi özüňden daşlaşdyrma.Ana şonda sen watanlysyň.ana şonda sen Arkadaglysyň,dünýe barlysyň,beýik hem mizemez türkmen topragynyň oglusyň.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir