Şeýle bir rowaýat gulagymda galypdyr: gadym döwürde uzak ýola syýahata çykan bir adamyň öňünde aňyrsyna göz ýetmeýän ummasyz deňiz keseripdir. Golaý-goltumda özünden başga janly-jemendä, haraý-dalda isläre yns-jynsa gözi düşmändir. Ýalňyz heserdeşi uzak ýola atygsaýan göwni-ýüregi eken. Ol kenara aşmak üçin ýa-ha bir gämi, gaýyk, sal ýa-da ýöne bir naw, ýa-da uzalyp gidýän köpri gerek bolupdyr. Özüňi ýalňyz duýan pursatlaryň hiç mahal ýalňyz galmaýandygyňy duýdurmak üçin Perwerdigär pena elini uzadýar. Ol uzan eli hiç kim bökdäp bilenok. Ol penany hiç kim syryp bilenok. Ýaňky adamyň göwün gulagyna arşdan bir seda elipdir: “Goşawujyňy tut, saňa berjek zatlarym bilen bu deňizden öter ýaly özüňe köpri ýasa, ýol düşen” diýipdir. Adam muňa begenipdir: “Saňa çäksiz şükür edýärin, maňa gerekli zady, dilemezimden hem ýetirip dursuň” diýipdir. “Saňa ýetirip durmak meniň islegim, emma bu wagtky berýän zadym öz gazanan zatlaryň. Düýn nämeler eden bolsaň, bu gün seniň eliňe şonuň iki essesini bermekçi. Sen eliňe düşen her zady öz aýagyňa düşen. Bu deňizden ötmegiň ýeke-täk ýoly şol” diýipdir. Şeýdibem salyhatly adam düýnki hasyl eden halal amallaryny ertirine köpri edinip, bu deňizden sag-aman ötüpdir. Bu bir tymsal. Sapar-syýahat bu ötülmeli menzil, ýörelmeli ýol, ýazylan ykbal. Deňiz – içinden geçmeli, görmeli durmuşymyz. Köpri we onuň serişdesi – biziň düýnki eden amallarymyz üçin şu günki gazanýan netijämiz. Onsoň, düýn biz nähili hereket eden bolsak, kime nähili daran bolsak, nähili garan bolsak, ertir biz hut şol ýagdaýlaryň azyndan iki essesini alnymyzdan tapýarys. Ýagşylyk bolsa esse-esse ýagşylyga gabat gelýäris, ýamanlyk bolsa, gat-gat ýamanlyga uçraýarys. Durmuşda gaýry çözgüt, başga mesele ýok. Nowellalyk täsir diňe ýazylýan eserlerde bar. Durmuş bolsa, daşyndan göräýmäge nowella kysmy bir zat bolsa-da, mazaly synlap-seljerseň, ölçerip-dökseň, goşup-aýyrsaň, deňdiriň yzynda hökman bolaýmaly bir netije peýda bolar durar. Näme berseň, şony hem alýarsyň. Näme ekseň, şony hem orýarsyň. Netijede, ertirki gün ýa-ha el uran ýerimizden altyn ýa alkyş taparys, ýa-da ýaramaz häsiýetimize muwapyk gelýän durmuş taparys. Bu düzgün bir adam, bir maşgala, bir oba, il, ýurt, dünýä babatda ýörgünli. Bularyň ählisi berýän zadyny esseläp yzyna – özüne alýar. Netije şu – biz şu günki edýän işlerimiz bilen geljegimizi gurýarys.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir