Sapagyň başynda professor içi azajyk suwly bulgury ýokary göteripdir. Talyplar bu ýagdaýa üns beräýýänçäler, ony ýokary galdyryp saklap durupdyr, soňra bolsa: „Siziň pikiriňizçe şu bulguryň agramy näçedir?“ diýip sorapdyr. — 50 gram! … 100 gram!… 125 gram!… — diýip, talyplar çak urupdyrlar. — Meň özümem bilemok, muny bilmek üçin agramyny çekip görmeli – diýip, professor gürrüňini dowam edipdir. – Mesele başga zatda: eger bu bulgury birnäçe minutlap şeýdip saklap dursam, näme bolar? — Hiç zat – diýip, talyplar jogap beripdirler. — Bolýar. Eger bu bulgury bir sagatlap saklap dursam, näme bolar? – diýip, professor ýene sowal beripdir. — Eliňiz agyrar – diýip, talyplaryň biri jogap beripdir. — Bu bulgury uzynly gün şeýdip göterip dursam, näme bolar? — Eliňiz gurşar, ýadar, hatda ysman başlamagy, sizi hassahana ugratmaly bolmagymyz hem mümkin – diýip, talyplaryň biri oýunlyga salyp aýdypdyr. — Örän oňat – diýip, professor gürrüňini dowam edipdir – ýöne şu geçen wagtyň içinde bulguryň agramy üýtgedimi? — Ýok — diýip jogap beripdirler. — Onda bu eginlerdäki, ellerdäki agyry nirden peýda boldy? Talyplar geň galyp, näme diýjeklerini bilmändirler. — Bu agyrynyň azaryndan dynmak üçin men näme etmeli? – diýip professor sorapdyr. Oturanlar: — Bulgury aşak goýbermeli – diýip jogap beripdirler. — Ine, gördüňizmi, durmuşdaky aladalardyr şowsuzlyklar babatda hem hut şeýle bolýar – diýip, professor sözüni dowam edipdir. Olary kelläňizde sähelçe wagt götereniňiz bilen size hiç zat bolmaz. Uzak wagtlap olaryň pikirini etseňiz welin, agyry duýup başlarsyňyz. Bar pikiriňiz-küýüňiz diňe şolar bolsa welin, ol ýagdaýlar sizi ysmaz hala salyp başlar, ýagny başga hiç zada eliňizem degmez, ýagdaýyňyzam bolmaz.

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir