25-nji iýul 9-njy awgust 1992-nji ýyl 169 ýuit, 9356 türgen, 28 sport, 257 bäsleşik, 815 medal (260-257-298) XXV tomusky Olimpiýa oýunlary şol wagtky Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy ispaniýaly Huan Antonio Samarançyň taýsyz lagallasy netijesinde onuň dogduk mekany Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirildi. Şäher bu ugurda Pariz, Brisban, Belgrad, Birmingem we Amsterdamdan köp ses almagy başardy. Bu Olimpiada sportuň söwda ulgamyna öwrülip başlan ilkinji Olimpiýa oýunlary hökmünde taryha girdi. HOK hemaýatkärlerden we teleýaýlymlardan ep-esli girdeji gazandy. Günorta Afrika (1960-njy ýyldan soň) we Germaniýa (1964-nji ýyldaň soň) täzeden Olimpiada gatnaşyp başlady. Kem-kemden artýan gatnaşyjy ýurtlaryň sany bu gezek 169-a deň bolup, 10000-e golaý türgen çykyş etdi (2704-si zenan, 9356 türgen). Şol ýyl iň soňky sapar gyşky we tomusky Olimpiýa oýunlary l ýylda gurnaldy. Şeýle-de, 1972-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndan bäri boýkotsyz geçen bu Olimpiada, 25-nji iýulda başlap 9-njy awgustda tamamlandy. Horwatiýa, Sloweniýa hem-de Bosniýa we Gersegowina garaşsyzlykdan soň ilkinji gezek gatnaşdy. Şol sanda öňki soýuzyň dargamagyndan son Estoniýa, Latwiýa we Litwa 1936-njy ýyldan soň ilkinji gezek Olimpiadada garaşsyz ýurt hökmünde çykyş etdi. Öňki SSSR-i düzýän beýleki döwletler bolsa, Birleşen topar diýen at bilen gatnaşdy we medallaryň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Birleşen topary düzýän döwletleriň türgenleri 45 altyn, 38 kümüş, 29 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler. 2-nji basgançaga 3-nji bolan Germaniýadan 4 altyn medal artyk alan ABŞ mynasyp boldy (ABŞ: 37 -34 37. Germaniýa: 33-21-28). Ýer eýesi ispanlar bolsa 13 medal bilen 6-njy ýeri eýelediler. ÝATDA GALAN WAKALAR Basketbol boýunça ilkinji gezek professionallaryň çykyş efmegine rugsat edildi. NBA-nyň super ýyldyzlaryndan (Majik Jonson, Maýkl Jordon, Çarles Barkli, Lerri Bird...) düzülen ABŞ-nyň milli topary ähli oýnunda uly tapawut bilen ýeňiş gazanyp, altyn medala eýelik etdi we "Dream Team" ("Düýş topary") adyna eýe boldy. Hytaýly Fu Mingşia 13 ýaşyndaka suwa çümmekde altyn medala mynasyp boldy. Ispaniýaly Fermin Kaço Ruiz 1500 metr ylgaw ýaryşynyň faworitlerinden däldi. Ýöne final tapgyry diýseň haýal ylgaldy. Olam mundan ýerlikli peýdalanyp, bäsleşigiň ahyrlarynda tijendi we janköýerleriňem uly goldawy bilen ýeňiji boldy. Angliýaly Linford Kristie erkekleriň arasyndaky 100 metr ylgawyň finalynda namibiýaly Franki Frederiks we amerikaly Dennis Mitçellden öňe saýlanyp, peilehanadan ilkinji bolup geçdi. Ýeňil atletikanyň bu gömüşinde ýeňiji bolan iň uly ýaşly türgen diýen ady eýelän Kristie, 1 ýyl soň Dünýä çempiony boldy. Badminton we häzirki wagtda Olimpiýa sportlarynyň hatarynda bolmadyk beýsbol bäsleşikleri ilkirnji gezek geçirildi. Beýsbolda Kuba ýeňiji boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: WITALIÝ ŞERBO 29 ýaşyndaky minskli gimnastikaçy Witaliý Şerbo S992-BarseIona Olimpiadasyniia dz adyna taryha altyn harplar bolsa ýazdyrdy. 91 Olimpiadanyň çäklerinde 2-nji awgustda ýekelikde gimnastikanyň dürli görnüşleri boýunça 4 altyn medal gazanyp.1 günde 4 altyn madal alan ilkinji türgen boldy. 1996-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda Belarus döwleliniň adyndan wekilçilik edan Şarbo bu ýerde 4 bürünç medal gazanmagy başardy.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir