19-njy iýul 4-nji awgust 1996-njy ýyl 197 ýuri. 10318 türgen, 26 sport, 271 bäsleşik, 842 medal (271 -273-298) Tomusky Olimpiýa oýunlary 12 ýyl soň ýene-de Amerika gaýdyp gelýär. Afiny, Toronto, Melburn, Mançester hem-de Belgrad şäherlerinden köp ses alan Atlanta şäherindäki Olimpiada 19-njy iýulda başlap, 4-nji awgustda tamamlandy. Olimpiýa oýunlaryny 4-nji gezek kabul eden ABŞ-da mundan öňem 3 Olimpiada geçirilipdi. Muhammed Aliniň alawy tutaşdynnagy bilen bat alan Olimpiada 197 ýurtdan 10318 türgen (3512-si zenan) gatnaşdy. Ilkinji gezek Olimpiadada çykyş eden türgenleriň sany 10000-den geçdi. Turkmenistan, Burundi, Kape Werde, Komoros, Dominika, Gwineýa-Bisşau, Makedpnia, Nauru,,Palestina, Sent Kittş we Newis,Sent Lusla, Sao Tome we Prinsip,Täjigistan hem-de Azerbaýjan"' döwletleriniň türgenleri Olimpiadada ilkinji sapar çykyş etdi. 79 ýurduň medal alan sanawynda ilkinji ýeri ýer eýesi ABŞ-ly türgenler eýeledi. Ýer eýeleri 44 altyn, 32 kümüş we 25 bürünç medal gazandy. Ruslar 2-nji (26-21-16), Germaniýa bolsa 3-nji (20-18-27) basgançaga mynasyp boldy. 53 ýurt altyn medal gazanmagy başardy. Şol ýyl Olimpiýa oýunlarynyň döredilenine 100 ýyl bolupdy. ÝATDA GALAN WAKALAR Futbolda erkekleriň arasynda Nigeriýa ýarym finalda Braziliýany 4-3, finalda bolsa, Argentinany 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Futbol ýaryşlarynda her toparda 3 professional futbolçynyň (23 ýaşdan uly) çykyş etmegine ygtyýar berildi. Fransiýaly ýeňil atletikaçy Marie-Zose Pereç 200 we 400 metr aralyga ylgamakda altyn medala mynasyp boldy. Olaryň ikinjisinde Olimpiýa rekordyny hem goýan Pereç 400 metr ylgawda bassyr 2 Olimpiadada altyn medal gazanan ilkinji zenan türgendir. Russiýaly ýüzüji Aleksandr Popow 50 metr we 100 metr erkin ýüzmekde amerikaly kärdeşi Gari Holl Juniordan öňe saýlanyp, 2 sany altyn medal aldy. Ol estafeta bäsleşiklerinde bolsa, 2 sany kümüş medala eýelik etdi. Türkiýeli agyr atletikaçy Naim Süleýmanoglu bassyr 3 Olimpiadada altyn medal gazanan ilkinji ştangaçy boldy. * Maýkl Jonson 200 we 400 metr ylgawlarynda ýeňiji bolup, bu babatda Olimpiadanyň taryhynda şeýle netije görkezen ilkinji erkek türgen diýen ada eýe boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: MAÝKL JOHSON Amerikaly sprinter Maýkl Jonsona 1990-njy ýyldan bäri 200 we 400 meti aralyga ylgamakda taý tapylanokdy. 011996-njy yyldaky Olimpiýa oýunlaryna çenli 400 metr ylgaw yaryşynda bassyr 54 gezek ýeňiji bolup.7 ýyldan bäri hiç hili ýeňilmän gelýärdi. 01 ýurdundaky Olimpiadada 400 metr arallyga ylgamagyň finalynda bäsdeşlerinden 10 metr öňe saýlanyp ýeniji boldy. Bu bolsa 100 ýyldan bäri bu bäslaşikda gazanylan iň ýokary netijä diýmekdi. 01 şonda 43,49 sekuntlyk derejesi bilen dünýä rekordyny goýupdy. Ýöna ol öz rakordyny 3 ýyl soň Sawilýada has-da ösdürdi. Ýeňil atletikanyn taryhynda aly yz galdyran Jonson 1996-njy ýylda 200 metrde-de rekord goýup (l9.32)onuň bu rekordyny 2008-nji ýylda Bolt öz adyna geçiripdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir