28-nji iýul 12-nji awgust 1984-nji ýyl 140 ýurt, 6829 türgen, 23 sport, 221 bäsleşik, 688 medal (226-219-243) Uly göwrümde boýkot edilen 3-nji we soňky Olimpiada bolan XXIII tomusky Olimpiýa oýunlary ABŞ-nyň Los Anjeles şäherinde geçirildi. Los Anjeles ýurduň başga bir şäheri Nýu-Ýorkdan köp ses alyp, bu hukuga eýe boldy. 2-nji sapar bu uly çäräni guman Los Anjeles şäherindäki sport şüweleňi 1984-nji ýylyň 28-nji iýulynda başlap, 12-nji awgustda-da tamamlandy. 1566-sy zenan, jemi 6829 türgen sportuň 23 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Açylyş hem-de ýapylyş dabaralary we ýeňil atletika ýaryşlary 1932-nji ýyldaky ýaly ýene-de "Memorial Сoliseum"-da bolup geçdi. Bahreýn, Bangladeş, Butan, Jibuti, Ekwatorial Gwineýa, Gambiýa, Grenada, Mawritaniýa, Mawrikiý, Oman. Katar, Ruanda, Samoa, Solomon adalary, Tonga, BAE döwletlenniň türgenleri ilkinji sapar gatnaşdy. ABС teleýaýlymy Olimpiadany görkezmek üçin 225 million dollarlyk çykdajy edip, bäsleşikleriň köpüsiniň Amerikada ilatyň arkaýyn tomaşa etmegi üçin agşamara geçirihnegine sebäp boldy. 140 döwletiň gatnaşan Olimpiadasyna 30-dan gowrak şereket hemaýatkärlik etdi (500 million dollar töweregi pul berdiler). Käbir şereketler giriş peteklerinde öz kärhanalarynyň mahabatyna garşylyk desgalaryň gurluşygyna maddy taýdan goldaw berdi. Medallatyň sanawynda ABŞ 1-nji (83 altyn, 61 kümtiş, 30 bürünç), Rumyniýa 2-nji (20—16—17) hem-de Günbatar Germaniýa 3-nji (17-19-23) ýeri eýeledi. ÝATDA GALAN WAKALAR 1984-Los Anjeles Olimpiadasyny 14 ýurt boýkot etdi. Şol 14 ýurduň türgenleri 1976-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medallaryň 58 göterimini gazanypdylar. Ýaponiýaly sapança atyjy Taro Aso 32 ýyl soň ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Marafon ylgaýjysy Karlos Lopez ýeňiji bolup, ýurdy Portugaliýa altyn medal gazandyran ilkinji türgen boldy, Sportuň ritm gimnastikasy we senhronlaýyn ýüzmek görnüşleri ilkiriji gszek Olimpiadanyň hataryna girizildi. Futbolda Fransiýa finalda Braziliýany 2-0 hasabynda uldy. Sebastian Koer 1500 metr aralyga ylgamakda 2 gezek ýeňiji bolan ilkinji türgen boldy. Hytaýly gimnastikaçy Li Ning 6 medal gazandy. Ol 2008-Pekiri Olimpiadasynda Olimpiýa oduny tutaşdyrypdy. Marokkoly ýeňil atletikaçy zenan Nawal El-Mutawakel päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen bäsleşikde başdan aýak öňdeligi saklap, ýeňiji bolmagy başardy. Ol musulman ýurtlaryň türgenleriniň arasynda altyn medal alan ilkinji zenan, şol sanda, altyn medal gazanan ilkinji marokkoly türgen boldy. (4 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç). OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: KARL LEWIS Amerikaly Karl Lewis dokuz altyn medal alan 5 türgeniň biri bolmak bilen bir hatarda bir bäsleşikde 4 gezek ýeňiş gazanan 3 türgeniň biridir. 01 1984-nji yyldaky Olimpiýa oýunlarynda walandaşy Jesse Owans ýaly 11936-Berlin Olimpiadasynda] 100,200 metr ylgawlarda,uzynlygyna bökmekde hem-de 4x100 metr estalela yarysynda altyn medala mynasyp boldy. 01 12 ýyl soň I996-Atlanta Olimpiadasynda-da uzynlygyna bökmekde 1-nji ýeri eýeläpdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir