Ýanwaryň sowuk ertirleriniň birinde Waşingtonyň metro stansiýasynda bir erkek adam oňat ornaşyp skripka çalmaga başlaýar. 45 minudyň dowamynda ol 6 sany saz çalýar. Şu wagtyň dowamynda onuň ýanyndan müňden hem köp adam geçýär. Skripkada oýnap başlanyndan üç minut çemesi geçensoň orta ýaşly bir adam sazanda üns berýär. Ädimini haýalladyp birnäçe pursatlyk aýak çekeninden soň ol ýene öňki ýoly bilen haýdap gidýär. Ýene biraz wagtdan skripkaçy ilkinji gazanjyny alýar. Bir aýal saklanman sazandanyň öňündäki gutujyga birnäçe teňňe oklap ýoluny dowam edýär. Ýene bir salymdan bir adam diwara egnini diräp çalynýan sazy diňlemäge durýar. Emma bu adam hem kän eglenmän sagadyna seredip ýoluny dowam etdirýär. Üç ýaşly oglanjygyň ünsi sazandada has köp wagtlap eglenýär. Ejesi howlukmaçlyk bilen ogluny yzyna tirkäp barýarka, oglanjyk sazandany diňlemek üçin saklanýar. Ejesi oglunyň elini çala gatyrak çekip ýöräp başlanda hem oglanjyk sazanda garap ýöremesini dowam etdirýär. Şeýle ýagdaý başga-da birnäçe çagalarda gaýtalandy. Olaryň ene-atalary-da çagalarynyň bir minut hem eglenmegine ýol bermeýär. Sazandanyň 45 minut oýnunyň dowamynda diňe 6 adam sazy diňlemek üçin az wagtlyk saklanýar. Ýene 20 adam saklanman gutujyga pul oklap geçýär. Skripkaçynyň gazanjy 32 dollara barabar bolýar. Emma gelip-geçenleriň hiçisem skripka çalýanda dünýäde iň oňat sazandalaryň biri bolan Joşua Belli tanap bilmediler. Ol öňde-soňda ýazylan iň bir çylşyrymly sazlary ýerine ýetirdi. Onuň saz çalan skripkasy bolsa 3,5 million dollarlyk adybelli Stradiwari skripkasydy. Iki gün ozal Bostonyň belli teatrlarynyň birinde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda meşhur sazandanyň uly çykyşy bolýar. Şol çykyş üçin biletleriň her biriniň ortaça bahasy bolsa 100 dollara barabardy. Joşua Belliň metrodaky çykyşy Waşington Post gazetiniň sosial tejribesiniň çäklerinde geçirilipdi. Tejribäniň maksady adamlaryň gündelik durmuşynda töweregindäki gözelligi duýup bilşini, garaşylmadyk ýagdaýda gabat gelen zehinleri tanap bilşini barlamak bolup durýardy.

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir