8-nji 24-nji awgust 2008-nji ýyl 204 ýurt, 10942 türgen. 28 sport, 302 bäsleşik, 958 medal (302-303-353) Aziýa yklymynda 3-nji geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 29-njysy Hytaýyň paýtagty Pekinde gurnaldy. 8-nji-24-nji awgust aralygynda bolup geçen bu taryhy Olimpiada 204 döwletden 11 müňe golaý türgen (4637-si zenan, jemi 10942 türgen) gatnaşdy (häzire çenli iň ýokary görkeziji). "Guş höwürtgesi" adyndaky stadionda bolup geçen açylyş hem-de ýapylyş dabaralary sport janköýerlerini özüne bendi etdi. 2 hepdeden gowrak dowam eden bu sport baýramçylygyna 4,7 milliard töweregi adam teleýaýlym arkaly tomaşa etdi. Hytaý Halk Respublikasy tomusky Olimpiadany gurnan 18-nji ýurt boldy. Marşall adalarynyň, Tuwalunyň hem-de Garadagyň türgenleri tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji sapar çykyş etdiler. Medallar boýunça ýer eýesi Hytaý iň öňdäki orny eýeledi. Olar 51 altyn, 21 kümüş, 28 bürünç jemi 100 medal gazanyp, tarynda ilkinji gezek 1-nji orna mynasyp boldular. Bu sapar 2-njilik bilen oňňut etmeli bolan amerikanlar 36 altyn, 38 kümüş we 36 büriinç medal gazandylar. 23 altyn medal alan ruslar 3-nji basgançakda özüne orun tapdy (21 kümüş, 28 bürünç). Owganystan, Mawrikiý, Sudan, Täjigistan we Togo döwletleriniň türgenleri ilkinji gezek Olimpiýa medalyny gazanmagy başardylar. 118 ýurduň türgenleri medalsyz dolanan bolsa, 86 döwletiň türgenleri dürli gömüşdäki medallara eýelik etdi. Şolaryn 54-si altyn aldy. Bu 2 görkeziji-de rekorda deň boldy. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Efiopiýaly ýeňil atletikaçy Kenenisa Bekele erkekleriň arasynda 5000 we 10000 metr aralyga ylgamada Olimpiýa rekordlaryny goýup altyn medala mynasyp botdy. Ol 2004-nji ýylda-da 10000 metr ylgawda ýeňiji bolupdy. Efiopiýaly ýeňil atletikaçy Tiruneş Dibaba zenarilaryň arasynda 5000 we 1000 metr aralyga ylgamada altyn medala mynasyp bolup, olaryň 2-njisinde Olimpiýa rekordyny täzeledi. Orsýetli Ýelena Isinbaýewa syrykly bökmekde 5,05 metr beýige böküp, özüne degişli Dünýä rekordyny täzeledi. Gysga aralyklara ylgamakda erkekdir zenanlaryň arasynda ýamaýkaly türgenler bu ugurdaky esasy bäsdeşleri amerikanlary yzda goýdy. Hytaýly gimnastikaçylar 11 altyn medal aldylar. 800 we 1500 metr aralyga ylgamakda zenandyr erkekleriň arasynda altyn medallara keniýaly türgenler mynasyp boldular. Päsgelçilikli 110 metr ylgawda hytaýly Li Şiang şikesi sebäpli ýaryşyp bilmän öz janköýerlerini gaty gynandyrdy. Bu ugurda kubaly Daýron Robles ýeňiji boldy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZLARY: OSAIN B0LT we MAYKL FELPS 2008-Pekin Olimpiadasynyň 1 däl-de 2 ýyldyzy bar bolup, olar ýamaýkaly sprinter Usain Bolt bilen amerikaly ýüzüji Maýkl Felpsdir. Aslynda Pekin Olimpiadasy diýlende Bolt ýa-da Felps ýadyňa düşýär diýip aýtsa bolar. Olaryň ilkinjisi ýeňil atletika sportuny janköýerleriň täzeden söýgüli sportuna öwüren bolsa, beýlekisi Olimpiadanyň taryhynda iň köp medal gazanan türgen diýen adyn eýesi boldy. Usain Bolt 100 we 200 metraralyga ylgamakda görkezen netijeleri bütin sport janköýerlerini aňk etdi. 01 100 metraralygy 9,69 sekuntda tamamlap, dünýä rekordyny öz adyna geçirdi. 01 20-nji awgustda, ýagny doglan gününden 1 gün öň 200 metr aralygy ylgamakda-da 19,30 sekuntlyk görkezen netijesi, doglan gününde özüne uly sowgat boldy. Bu 2 bäsleşikde-de soňky ädimlerini arkaýynlyk bilen geçen Usain Bolt 4x100 metr estafeta ylgawynda-da toparyna altyn medaly gazandyran türgenleriň biri bolup çykyş etdi. Usain Bolt 1 ýyl soň Berlindäki Dünýä çempionatynda 100 hem-de 200 metrylgawlarynda Öz rekordy«y geň galdyryjy derejede ös dürip, häzirlikçe dünýäniň iň tiz, iň ýüwrük ynsanydygyny ýene bir ýola subut etdi. Maýki Felps Pekin Olimpiadasynda 5-si ýekelikde jemi 8 sany altyn medal gazanmagyň hötdesinden geldi. 7 sany Dünýä rekordyny hem goýmagy başaran Maýkl Felps 100 metr kebelekleýin, 200 metr erkin we kebelekleýin, 200 m 400 metr garyşyk ýüzmekde hem-de toparlaýyn 4x100 metr erkin, 4x200 metr erkin, 4x100 garyşyk ýüzmek ýaryşlarynda rekordlar bilen altyn medallaryň 8-sini boýnuna dakdy. Bu görkezijiler ony Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp medal alan 2-nji türgen diýen derejä eltdi, 2 Olimpiadada 14 medal alan Felpsiň bu ugurda 1-nji bolmagy üçin ýene-de 5 medal gazanyp, Larisa Latyninany geçmegi gerek. Ýöne ol 14 altyn medal alyp, bu ugurda häzirlikçe özüniň taýsyzdygyny görkezdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir