Şu günler türkmen halky döwlet Bitaraplygynyň 19 ýyllygyny ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly buýsanç we ägirt uly ruhubelentlik duýgusy bilen dabaraly hem-de agzybir ýagdaýda baýram edýär. Bitaraplyk güni, hakykatdan hem, esasy milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwer däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabatda bolan Ýaşulularyň maslahatynyň 2015-nji ýyly Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy astynda geçýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüdi kabul etmegi doly kanunalaýykdyr. Şu günler “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde, “Toý mekany” dabaralar merkezinde we Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri hem-de aýdym-sazly dabaralar uly hem-de köp dürli medeni maksatnamadan ybaratdyr. Baýramçylyk çäreleriniň resmi maksatnamasyna girizilen iri möçberli ählihalk çärelerinden başga hem, ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda dabaraly ýygnaklar hem-de duşuşyklar geçirilýär. Köp ýyllyk däplere görä, 12-nji dekabrda irden, baýramçylyk gününde Türkmen döwletiniň parahatçylykly gözbaşlarynyň we döredijilik ýörelgeleriniň üýtgewsizliginiň, milletimiziň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen ýokary ynsanperwer gymmatlyklarynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy bolar. Ajaýyp Maslahat köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti özbaşdak türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününiň 19 ýyllygynyň şanyna baýramçylyk dabaralarynyň jemini jemlär. Şol gün agşam Bitaraplyk binasynyň öňünde hem-de paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli estrada meýdançalarynda hem Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk konsertleri bolar

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir